Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

Adam we tebigat gatnaşyklaryndan söz açýan okuw gollanmasy

28.11.2024

241

Adam we tebigat gatnaşyklaryndan söz açýan okuw gollanmasy

Edebiýatda tebigat temasy gadymy döwürlerden beýan edilip gelinýär. Tebigat temasynyň işlenilişiniň taryhy köklerini, çeperçilik gymmatlyklaryny, ösüş ýagdaýlaryny, peýzaž lirikasynyň inçeligini açyp görkezmek, beýan edilýän tebigatyň durmuş hakykatyna gatnaşygyny ylmy esasda derňäp öwrenmek wajyp bolup durýar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň pedagogika kafedrasynyň uly mugallymy Ogulbäbek Amandurdyýewa tarapyndan taýýarlanyp, «Ylym» neşirýaty tarapyndan neşir edilen «XVIII asyr türkmen edebiýatynda adam we tebigat gatnaşyklary» atly okuw kitabynda nusgawy edebiýatymyzda ynsanyň tebigata bolan gatnaşygynyň mazmuny, usuly, serişdeleri, Watan tebigatyna bolan söýginiň watançylyk terbiýesini, ekologiýa terbiýesini bermekdäki ähmiýeti ylmy derňew edilýär.

Döwrüň möhüm meselelerine bagyşlanyp taýýarlanylan bu okuw kitaby XVIII asyr türkmen edebiýatyndaky maglumatlara esaslanyp, tebigat bilen adam gatnaşyklarynyň mazmuny, gözellik duýgularynyň şahyrana döredijilige täsiri barada söhbet açmak bilen talyplara ekologiýa terbiýäni bermekde ähmiýetlidir.

«XVIII asyr türkmen edebiýatynda adam we tebigat gatnaşyklary» atly bu kitap ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna, talyplaryna, aspirantlara, orta mekdebiň mugallymlaryna, şeýle-de gyzyklanýan okyjylar köpçüligine niýetlenendir.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024