Aşgabat
Täzelikler
119
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri, öňdebaryjy kompaniýalary bilen ylym-bilim ulgamyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy bu ugur boýunça tejribeleriň artdyrylmagyna giň mümkinçilikler döredýär.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlary we hünärmenleri 2024-nji ýylyň 20-27-nji noýabry aralygynda öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary we sanly ulgama degişli enjamlary, “Emeli aň” tehnologiýalaryny, maglumat howpsuzlygyny ýakyndan öwrenmek hem-de olaryň okuw-usuly, ylmy-barlag işlerine ornaşdyrylyşy bilen tanyş bolmak maksady bilen, Fransiýa Respublikasynda iş saparynda boldular.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň gurluşygy alnyp barylýan täze binalar toplumynyň okuw-tejribehana, ylmy-barlag otaglaryny halkara ülňülerine laýyk gelýän, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak, “Emeli aň” tehnologiýasyny düýpli we netijeli öwrenmek, ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli tejribe alyşmak, şu ugur boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, institutyň professor-mugallymlary we hünärmenleri Fransiýa Respublikasynda iş saparynda boldular. Iş sapary döwründe professor-mugallymlar we hünärmenler Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherindäki Sorbonn uniwersitetine, Pariž şäher uniwersitetine, Pariž şäherinde ýerleşýän Amerikan işewürlik ýokary okuw mekdebine baryp, teoretiki we amaly bilimiň guralyşy, okuw işine “Emeli aňyň” ornaşdyrylyşy, inženerçilik we fizika ugurlary boýunça 3D modelirleme, robototehnika ulgamlary üçin ulanylýan ýörite programmalary okuw işine ornaşdyrmakda täze döwrebap tehniki serişdeleriň mümkinçilikleri bilen tanyş boldular. Şu ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary we hünärmenleri bilen adamzadyň kämil paýhasynyň we tehnologiýalar babatda soňky gazananlarynyň önümi bolan “Emeli aň” tehnologiýalary bilen işleýän onlaýn okuw modelleri arkaly talyplaryň ukybyna görä okuw programmalaryny düzmegiň, okuw ulgamyny dolandyrmagyň döwrebap usullary barada özara pikir alyşdylar.
Sanly ulgamyň işjeň durmuşymyza ornaşýan döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ýaşlara öwretmek, bu ugurda kämil hünärmenleri taýýarlamak işleri döwrebap derejede ýola goýmak, dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilýän tehnikadyr tehnologiýalara ezberlik bilen erk edýän, Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da ýokarlandyrýan ýaşlarymyzy kemala getirmek maksady bilen, gurnalan iş saparynyň netijeleri boýunça tejribeleri öwrenmek maksady bilen degişli meýilnamalar kesgitlenildi.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024