Aşgabat
Täzelikler
138
Şu gün Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň ýolbaşçylygyndaky Italiýanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda möhüm ähmiýetli duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de ýurdumyzyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň prorektorlary gatnaşdylar.
Italiýanyň wekilleri hökmünde maslahata Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň doly ygtyýarly ministri, italiýan wekiliýetiniň ýolbaşçysy Federiko Failla, Sent-Endryus uniwersitetiniň ýokary bilim ugry boýunça hünärmeni Professor Filippo Kosta Buranelli, Ka’ Foskari uniwersitetiniň ýokary bilim ulgamyndaky bilermeni Professor Karlo Frappi, Milanyň Bikokka uniwersitetiniň energiýa geçişi ugry boýunça hünärmeni Professor Silwana Stefani, Italiýanyň Milli Saglyk institutynyň (ISS) saglyk ulgamyndaky eksperti Dr. Enriko Wesketti, Bolon uniwersitetiniň suw serişdelerini dolandyrmak boýunça hünärmeni Professor Andrea Zinzani gatnaşdylar.
Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň we Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Italiýan tarapy Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygyň strategiki ähmiýetini belläp, tejribe alyşmak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin aýratyn mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.
Ara alnyp maslahatlaşylan esasy ugurlar hökmünde 2024-nji ýylyň 29-njy maýynda geçirilen "Italiýa – Merkezi Aziýa" üçünji ministrler maslahatynda alnan netijeler barada pikir alşyldy.
Esasy ugurlar şulardan ybarat boldy:
- Energetika: durnukly tehnologiýalary ornaşdyrmak we energiýa tygşytlylygy babatda amaly çözgütler boýunça pikir alyşmak.
- Suw serişdeleri: suw serişdelerini netijeli peýdalanmak we olaryň ulanylyşynyň innowasion usullaryny ösdürmek.
- Saglyk: hünär ösüşi, tejribe alyşmak we bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek.
- Bilim we gözlegler: akademiki alyşmalar, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny we gözleg taslamalaryny durmuşa geçirmek.
Duşuşykda bilim we ylmy barlaglaryň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi. Bu ugurlar hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlaryna goldaw bermek we ösdürmek üçin esasy ugur hökmünde kesgitlendi.
Duşuşygyň netijeleri taraplaryň hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady. Ara alnyp maslahatlaşylan başlangyçlar Türkmenistanyň we Italiýanyň arasyndaky durnukly gatnaşyklary ösdürmäge, innowasiýalara, sebit hyzmatdaşlygyna we medeni alyşmalara täze mümkinçilikleri açmaga ýardam eder.
Türkmenistanyň Bilim Ministrligi
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024