Aşgabat
Täzelikler
70
Ylym-bilim ulgamyna degişli düzümdäki türkmen wekiliýeti ýaňy-ýakynda – 2024-nji ýylyň 28-29-njy noýabrynda Türkiýäniň Ankara şäherinde geçirilen çärelere gatnaşdy. Has takygy, 28-nji noýabrda Ankaranyň Sosial bilimler uniwersitetinde Türkiýäniň ylmy işgärleriniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu duşuşykda iki ýurduň belli alymlary we edebiýatçylary beýik türkmen akyldary, filosofy, şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň hazynasyna goşan goşandy, türkmen-türk dostluk-doganlyk hyzmatdaşlyklarynyň çäklerinde ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryndaky geljekki mümkinçilikler barada pikir alyşdylar. Şeýle hem günüň ikinji ýarymynda Ankara uniwersitetiniň Dil we taryh-geografiýa fakultetinde duşuşyk guraldy. Bu ýerde uniwersitetiň Dil we taryh-geografiýa fakultetiniň türkmen dili mugallymy Berdi Saryýew hem-de mugallym Seljan Şahin we birnäçe talyplaryň gatnaşmagynda söhbetdeşlik boldy.
2024-nji ýylyň 29-njy noýabrda TÜRKSOÝ Halkara guramasynyň Ankarada ýerleşýän ştab-kwartirasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň, bu Halkara guramanyň Magtymguly Pyraga bagyşlan kitabynyň, şeýle hem Türkmenistana – Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan žurnalynyň ýörite sanynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabarada taryhy kökler, geçilen ýollar, häzirki döwrüň aýratynlyklary, geljege uzaýan nazarlar, maksatlarymyzyň birligi, halklarymyzyň agzybirligi, dostlugy barada buýsançly çykyşlar edildi.
Şol günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň binasynda (Türkiýaniň Ankara şäheri) Magtymguly Pyragy adyndaky ylmy-barlag merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu çärä Türkýäniň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, diplomatlar, belli edebiýatçylar we jemgyýetçilik işgärleri, türkmen toparynyň, talyp ýaşlarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Magtymguly Pyragy adyndaky ylmy-barlag merkeziniň açylyş dabarasynyň yzysüre merkezde türkmen milliligine degişli käbir kitaplary, suratkeşleriň çeken suratlaryny, halkymyzyň el işlerini özünde jemleýän serginiň guralmagy hem bu çärä gelenleri biparh goýmady.
Soňra Magtymguly Pyragy adyndaky ylmy-barlag merkeziniň 1-nji maslahaty öz işine başlady. Maslahatda bu ylmy-barlag merkeziň maksady we wezipeleri, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça Geňeşiniň “Dünýäniň hakydasy” atly halkara maksatnamasynyň sanawyna girizilen türki halklaryň medeni-ruhy gymmatlyklary, türkmen milli edebi mirasynyň esasy çeşmeleri, türkmen edebiýatynda gelin-gyzlar bilen baglanyşykly söz baýlygynyň ylmy derňewi, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly bilen baglanyşykly öwrenilişi hakynda çykyşlar guraldy we pikirler alşyldy.
Bu ylmy-barlag merkeziniň açylmagy türkmen halkynyň gadymy we baý taryhyny, şol sanda edebiýatyny, däp-dessuryny, edim-gylymyny, özüni alyp barşyny we ş.m. öwrenmäge hem-de dünýä ýaýratmaga täze itergi berer. Şunuň bilen baglanyşykly sözler bu ýerde edilen çykyşlarda öz beýanyny tapdy.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024