Aşgabat
Täzelikler
57
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynda hem täze üstünliklere eýe bolunýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaş neslimiziň döwrüň talaplary esasynda bilim almagy, edep-terbiýeli, ata Watana wepaly, hemmetaraplaýyn ösen adamlar bolup ýetişmegi, daşary ýurt dillerini kämil bilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň XII synpy üçin “Hytaý dili (II daşary ýurt dili)” okuw kitaby (awtory: Ç.Möwlamowa) hem-de XII synpy üçin “Ýapon dili (II daşary ýurt dili)” okuw kitaby (awtorlary: H. Ito, G. Sähedowa) neşir edildi.
Bu okuw kitaplary okuw dersleriniň tassyklanylan okuw maksatnamalaryna laýyklykda, şeýle hem “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda” kesgitlenilen daşary ýurt dillerini öwretmegiň wezipelerine hem-de ýörelgelerine esaslanylyp taýýarlanyldy.
Bu okuw kitaplarynda berlen okuw materiallary orta mekdepleriň ýokary synplarynyň jemleýji ýyly hökmünde okuwçylaryň öňki synplarda alan bilimlerini gaýtalamaga hem-de düýpli berkitmäge mümkinçilik berer. Okuw kitaplary kommunikatiwlik (aragatnaşyga ugrukdyrmak), interaktiwlik (özara işjeňlige ugrukdyrmak), sanly tehnologiýalary giňden peýdalanmak ýörelgelerine esaslanyp taýýarlanylan. Orta mekdeplerde daşary ýurt dili sapaklarynyň innowasion çemeleşme esasynda guralmagy, okuwçylaryň dil öwrenmäge bolan islegini ýokarlandyrmaga, okuw prosesiniň işjeň we täsirli geçmegine, lingwo-ülkäni öwreniş okuw maglumatlarynyň üsti bilen olaryň dünýägaraýşynyň has-da giňelmegine hem-de oňyn netijeleri gazanmaga ýardam eder.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024