Aşgabat
Täzelikler
37
2024-nji ýylyň noýabr aýynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” ÝUNESKO kafedrasy tarapyndan “Durnukly ösüşiň gazanylmagynda Ýaşlaryň ekologiýa biliminiň orny” atly ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň beýany çap edildi.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” ÝUNESKO kafedrasynyň guramagynda “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda, “Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni” mynasybetli, 2024-nji ýylyň 22-nji maýynda “Durnukly ösüşiň gazanylmagynda Ýaşlaryň ekologiýa biliminiň orny” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Garyşyk (onlaýn we oflaýn) görnüşde geçirilen maslahatda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň 140-a golaýy çykyş etdiler.
Ylmy-amaly maslahatyň bölümlerinde ýurdumyzda ekologiýa biliminiň ösdürilmegine degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ylmy-amaly maslahatda edilen çykyşlaryň nutuklarynyň gysgaça beýany “Ylym” neşirýatynda çap edildi.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024