Aşgabat
Täzelikler
39
Saz sungaty milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşylarynyň biridir. Has dogrusy, ol ata-babalarymyzdan bize miras bolup gelen ruhy baýlykdyr. Şeýlekin nusgawy baýlygy geljekki nesillerimize ýetirmek biziň hem borjumyz hem-de maksadymyz bolup durýar. Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen halky aýdym-saza uly hormat goýýan şahandaz halk. Şu jähetden ugur alyp hem milli mukamlarymyzy, saz gurallarymyzy, bagşy-sazandalarymyzyň ömri we döredijiligi hakyndaky maglumatlary ylmy taýdan öwrenmegimiz zerurdyr. Bu ugurda ýaşlarymyzyň aýdym-saz sungatyndan bilim ýüklerini has-da baýlaşdyrmak babatynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän asylly işler sanardan kän. Hut şonuň üçin, sungatyň bu görnüşine degişli bolan okuw kitaplary iş tejribede hökmany bolup durýar.
Okuw kitaby Türkmen döwlet medeniýet institutynda saz sungaty okuw dersini okaýan talyplar, şeýle-de aýdym-saz, medeniýet we sungat ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler üçin niýetlenilýär. Kitapda aýdym-saz sungatynyň inçe syrlary, türkmen halkynyň milli sazlary, saz gurallarynyň görnüşleri, olaryň döreýiş taryhy baradaky maglumatlar jemlenilýär. Bu okuw kitaby talyplardyr hünärmenleriň saz sungaty we onuň aýratynlyklary baradaky bilimlerini artdyrmakda, aýdym-saz baradaky düşünjelerini berkitmekde, şeýle hem iş maksatnamalarynda we okuw sapaklarynda peýdalanmak üçin zerur edebiýatlaryň biridir.
Okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna niýetlenip, ondan bu ugurda işleýän hünärmenler hem gollanma hökmünde peýdalanyp biler.
Türkmen döwlet medeniýet instituty
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024