Aşgabat
Täzelikler
12
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň karary bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binýadynda Raýat goranyşy fakultetiniň açylmagy döwletimizde raýat goranyşy çygrynda ýokary bilimli harby hünärmenleri taýýarlamak babatynda öňe ädilen aýgytly ädimdir. Täze eýýamda kemala gelýän watan goragçylaryny ylymly-bilimli, ýokary hünär ussatlygy esasynda okatmak we terbiýelemek bolsa wajyp wezipedir. Şundan ugur alyp Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyş fakultetinde okaýan harby talyplaryň harby-amaly endiklerini we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyny ýokarlandyrmaklyga, okuw we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaklyga hem-de kämilleşdirmeklige gönükdirilen «Ussat raýat goragçysy» atly bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik harby-amaly ýaryşlarynyň toplumydyr. Bäsleşigiň maksady harby talyplaryň harby-nazary bilimleriniň derejesini çuňlaşdyrmakdan we amaly başarnyklaryny we raýat goranyşy boýunça hünär taýdan ussatlygyny ýokarlandyrmakdan, şeýle hem harby talyplaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakdan, ukyp başarnyklaryny kämilleşdirmekden we harby taýýarlyk ýagdaýyny bahalandyrmakdan, şeýle hem harby talyplaryň fiziki we ruhy taýdan durnukly häsiýetlerini ösdürmekden ybaratdyr. Bäsleşik sekiz şert boýunça geçirildi. Ýagny, düzüm boýunça atyjylyk ýaragyny doly däl sökmek we doly däl sökülişden soň ýygnamak, alpinizm ýüplerini dürli görnüşde düwmek, umumygoşun goranyş toplumyny kada laýyk geýmek, ejir çekeni howpsuz ýere getirmek we gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek desgada göwräňi çekmek, tanapda ýokary dyrmyşmak, raýat goranyşy bölümleriniň şahsy düzümi üçin niýetlenen päsgelçilik ýodasyndan geçmek hem-de raýat goranyşy ulgamy boýunça taýýarlanan test soraglaryna jogap bermek boýunça özara ýaryşdylar. Bäsleşikde Raýat goranyşy fakultetiniň binagärlik we gurluşyk işlerinde raýat goranyşyny meýilleşdirmek hünäriniň harby talyplary üstünlikli çykyş edip, ýeňiji diýlip yglan edildiler hem-de hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Bu günki günde ylymdan-bilimden ýüki ýetik bagtyýar talyp ýaşlarymyz – mukaddes Watanymyzyň röwşen geljeginiň binýadydyr. Eziz Watanymyzyň asudalygynyň we parahatçylygynyň hatyrasyna hem-de raýatlarymyzyň howpsuzlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýüzünde barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Belent Serkerdebaşymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary rowaç alsyn!
Mukam AKMÄMMEDOW, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň mugallymy, uly leýtenant.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024