Aşgabat
Täzelikler
7
18-nji fewralda bellenilýän Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi hem-de “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Dünýä dilleri – dost-doganlyk köprüsi” atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşik ýaş nesliň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge; terjimeçilik hünäri boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga we ýetişdirmäge; ýurdumyzda dünýä medeniýetlerini birleşdirýän, adamlary jebisleşdirýän, halklaryň arasynda dostlugy we şahsyýetiň ruhy-ahlak taýdan kämilleşmegine ýardam edýän terjimeçilik sungatyny ösdürmäge gönükdirilendir.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ýaş terjimeçiler meşhur dünýä ýazyjy-şahyrlaryň kyssa eserlerinden, poema ýa-da goşgularyndan 5-6 sahypa möçberinde bir parçany türkmen diline terjime etmeli.
Terjime etmek üçin saýlanan eserleriň many-mazmunynyň türkmen halkynyň döwrebap milli-ruhy ýörelgelerine we ahlak gymmatlyklaryna laýyk gelmegi hökmanydyr.
Gatnaşyjylar öň terjime edilmedik, çap edilmedik ýa-da kitap görnüşinde neşir edilmedik eseri saýlap almaly.
Gyzyklanma bildirýän ýaşlar öz işlerini “Dünýä dilleri – dost-doganlyk köprüsi” diýen ýazgy bilen hödürläp, ýanyna özleri baradaky maglumatlaryny (maglumatnama, pasportynyň nusgasy, 3x4 ölçegdäki forosuraty, ýaşaýan ýeriniň anyk salgysy, telefon belgileri) “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň dunyaedebiyaty@sanly.tm elektron salgysyna 2025-nji ýylyň 10-njy ýanwaryna çenli ugradyp bilerler.
Bäsleşigiň jemleri 2025-nji ýylyň fewralynda jemlener. Bäsleşigiň ýeňijileri diýlip, iň gowy 30 sany işler saýlanar. Guramaçylar tarapyndan bäsleşigiň ýeňijilerine hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.
Habarlaşmak üçin, “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň redaksiýasy, telefon belgileri: 39-96-09, 39-96-16, 39-96-19.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024