Aşgabat
Täzelikler
46
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylymyzda, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan Ýaşlar baradaky Döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ýaşlarda meýletinçilik we ynsanperwerlik duýgusyny ösdürmek maksady bilen, Ata Watanymyzyň Halkara Bitaraplygynyň şanly 29 ýyllyk toýuna bagyşlap, 2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkezi bilen “Diller” kafedrasynyň gurnamagynda “Gülleýän, gül açýan Diýar” atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu dabarada meýletinçi ýaşlar Watanymyzy wasp edýän aýdymdyr şygyrlar bilen çykyşa başladylar. Çykyşyň dowamynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň watançylyk goşgulary dürli dillerde ýaňlandy. Şeýle hem, Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Yslam Çaryýew Türkmenistanyň Halkara Bitaraplygynyň şanly 29 ýyllygyna bagyşlanan tanyşdyryş bilen rus dilinde çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýeti we ýurduň halkara hyzmatdaşlygyna goşandy barada aýratyn nygtady. Dabarada meýletinçi talyplary iňlis, rus dillerinde taýýarlan sorag-jogap oýunlary, şeýle hem ýaňyltmaçlary has-da täsirli boldy. Bu çäräniň geçirilmegi meýletinçi talyplaryň döredijilik zehinleriniň açylmagyna giň mümkinçilik döretdi. Dabaranyň ahyrynda meýletinçi talyplar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýaşlaryň adyndan gyzgyn gutlaglar aýtdylar we özleri üçin okamaga döredilen mümkinçiliklere çuňňur minnetdarlyklaryny bildirdiler. “Gülleýän, gül açýan diýar” atly aýdym-sazly dabara gyzykly we täsirli bolup, tomaşaçylarda ýatdan çykmajak duýgylary döretdi.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024