Aşgabat
Täzelikler
33
Jemgyýetçilikde ses we owazlandyrmak örän wajyp ähmiýete eýedir. Toýlarymyzyň toýa ulaşýan döwrümizde toý-dabaralarynydyr medeni-köpçülikleýin çärelerinde aýdym-sazy tomaşaçylara ýetirmekde seslendirmek ulgamynyň döwrebaplaşmagy zerur bolup durýar. Bu babatda okuw gollanmalary bellenmäge mynasypdyr. Çünki şeýle gollanmalar degişli hünäriň eýeleri bolan hünärmenlere ýakyn ýardamçysy bolup hyzmat edýär.
Bu kitap özüniň çeperçiligi hem-de adyndan belli bolşy tebigatdaky sesiň ähmiýeti, onuň jemgyýetdäki ähmiýetini açyp görkezýär. Bu okuw kitaby talyplary kinoda, telewideniýede, radioda, teatrda, köpçülikleýin çärelerde habar beriş ulgamlary bilen tanyşdyryp, şol ulgamlarda bu hünäriň tutýan orny we wajyplygyny giňden düşündirýän temalardan ybaratdyr. Şolar bilen baglylykda, häzirki zaman aragatnaşyk esaslarynyň biri bolan ses režissurasy, seslendirmek hakynda düýpleýin düşünje berýär.
Okuw kitabynyň ýene-de aýratynlyklary hem bolsa, ondaky ses arkaly wideo yzygiderliginiň kabul edilmeginiň möhüm serişdedigi barada, degişli ders arkaly ses režissýorlaryny, kompozitorlary, sazşynaslary, multimediýa tehnologiýalarynyň režissýorlaryny we hünärmenleri taýýarlamak boýunça gollanma bolup hyzmat edýär. Bulardan başga-da, saz nazaryýeti bilen baglanyşykly birnäçe belli tejribeleriň taryhy we geçiş tertibi barada beýan edilýär.
Ýeri gelende bellesek, bu okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenip, ondan bu ugurda işleýän hünärmenler hem gollanma hökmünde peýdalanyp bilerler.
Türkmen döwlet medeniýet instituty
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024