Aşgabat
Täzelikler
22
3-nji dekabrda Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň (YHG DIMG) 28-nji mejlisine gatnaşdy.
Mejlise YHG-e agza döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň, sebit guramalarynyň, şeýle hem YHG-nyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, sebit institutlarynyň we düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar söwda, maýa goýum, “ýaşyl” ykdysadyýet, sanlylaşdyrma, energetika, azyk howpsuzlygy, ekologiýa, oba hojalygy we ulag ugurlary boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek baradaky tekliplere, şol sanda YHG-nyň giňişliginde ykdysady ösüşiň täze ýollarynyň gözlegine garaldy.
Mejlisiň dowamynda Geňeşiň iş maksatnamasy tassyklandy, Sekretariatyň we YHG-nyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň işleri baradaky hasabatlar kabul edildi, 2025-nji ýyl üçin býujet tassyklandy şeýle hem Eýranyň YHG-da başlyklygynyň netijeleri jemlendi. 2025-nji ýylda başlyklyk Gazagystan Respublikasyna geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow öz çykyşynda “YHG üçin 2025-nji ýyla çenli görüş” we “Aşgabat hereketler ylalaşygy” ýaly konseptual resminamalaryň täze hakykatlara uýgunlaşmak üçin mäkäm meýdançany döredendigini, ýakyn geljek üçin bilelikdäki işlere anyk ugurlary kesgitlemäge ýardam berendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň YHG-nyň çäginde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça garaýşy hem-de YHG-nyň ösüş strategiýasy boýunça teklipleri hödürlendi.
Ulag we logistika ulgamynda, energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti önümçilik zynjyrlaryny döretmek arkaly senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçiligi, kiçi we orta telekeçilik pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet bermek bilen, serhetýaka we sebitleýin söwda mümkinçilikleri bellenildi. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin tagallalaryny birleşdirmegiň ähmiýeti bellenildi.
Mejlisiň netijeleri boýunça köptaraplaýyn sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek boýunça strategiki başlangyçlary we amaly ädimleri beýan edýän Maşat kommýunikesi kabul edildi.
YHG-nyň Ministrler Geňeşiniň 28-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen YHG-nyň Baş sekretary Asad Majid Hanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
YHG-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň YHG-daky ornunyň artýandygyny belledi hem-de ýurduň möhüm sebit we halkara derejedäki çäreleriň birnäçesini geçirendigini kanagatlanma bilen belledi. Asad Majid Han YHG-nyň täsirliligini ýokarlandyrmak baradaky teklipleri beýan etdi we Türkmenistany bu başlangyçlary goldamaga çagyrdy.
Duşuşygyň barşynda şeýle-de sebitiň mümkinçiliklerini ösdürmek meseleleri, şeýle hem Türkmenistanyň syýahatçylyk we ulag pudagyndaky başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar YHG-nyň maksatlaryny ilerletmek we geljek ýylda sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky umumy ygrarlylygyny tassykladylar diýip, Türkmenistanyň metbugat gullugynda habar berildi.
Mundan başga-da, 2-nji dekabrda Maşat şäherinde Ministrleriniň Geňeşiniň (YHG DIMG) 28-nji mejlisine taýýarlyk görmek boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň uly wezipeli işgärleriniň duşuşygy geçirildi.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024