Aşgabat
Täzelikler
54
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýän döwletleriň biri hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny we Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň çäklerinde geografiýa dersini okatmagyň nazaryýeti we usulyýeti hem aýratyn bellärliklidir.
Täze neşir edilen «Geografiýany okatmagyň nazaryýeti we usulyýeti» okuw kitaby (awtorlary: B.Çaryýew, A.Berdiýewa, N.Seýtiýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) mugallymçylyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna niýetlenilen. Okuw kitabynda hünär taýýarlygynyň ylmy esaslary, umumy orta bilim berýän mekdeplerde geografiýany okatmagyň nazaryýet we usulyýet esaslary, mekdep geografiýa biliminiň mazmuny, düzümi beýan edilýär. Şeýle-de bu okuw kitabynda umumy orta bilim berýän mekdepleriň döwrebaplaşdyrylan şertlerinde geografiýany okatmagyň häzirki zaman usullary, formalary, okatmak prosesiniň ýörelgeleri, tehniki serişdeleri bilen işlemegiň tärleri, okuw prosesinde sanly bilim çeşmelerini ulanmagyň esasy ugurlary baradaky soraglara seredilýär hem-de mekdepde geografiýa derslerini okatmagyň usulyýetiniň mazmuny açylýar. Talyplary taýýarlamagyň esasynda okatmagyň ösdürijilik pikirleri durýar.
Okuw kitaby girişden, jemi üç bölümden we peýdalanylan edebiýatlaryň sanawyndan ybarat. Birinji bölümde «Geografiýa medeniýeti adamzadyň umumy medeniýetiniň düzüm bölegidir» diýlip atlandyrylan aýratyn bap ýerleşdirilipdir. Ikinji bölüm «Geografiýany okatmagyň usulyýeti ylym pudagy hökmünde», «Mekdep geografiýa biliminiň mazmuny we düzümi», «Geografiýany okatmagyň görnüşleri we usullary», «Geografiýany okatmak prosesi», «Geografiýany okatmagyň serişdeleri we olar bilen işlemegiň usulyýeti», «Geografiýany okatmagy guramagyň görnüşleri», «Geografiýany okatmakda sanly bilim ulgamyndan peýdalanmak», «Geografiýa boýunça synpdan daşary işler» atly jemi sekiz sany bapdan ybarat. Üçünji bölüm mekdep geografiýa derslerini okatmagyň usulyýetine bagyşlanan, ýagny «VI synpda Fiziki geografiýa dersini okatmagyň usulyýeti», «VII synpda Materikleriň we okeanlaryň geografiýasy dersini okatmagyň usulyýeti», «VIII synpda Türkmenistanyň fiziki geografiýasy dersini okatmagyň usulyýeti», «IX synpda Türkmenistanyň ykdysady we durmuş geografiýasy dersini okatmagyň usulyýeti», «X synpda Dünýäniň ykdysady we durmuş geografiýasy dersini okatmagyň usulyýeti» ýaly baplara giň orun berlipdir.
Bu okuw kitaby awtorlar tarapyndan usulyýet ylmynyň ösüşiniň häzirki meýillerini, usuly çemeleşmelerini, şeýle-de olaryň üýtgeýşini hasaba almak arkaly taýýarlanylypdyr. Okuw kitaby mugallymçylyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň geografiýa we onuň bilen ugurdaş hünärleriniň talyplaryna niýetlenen hem bolsa, ondan mugallymçylyk orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, hünär derejesini kämilleşdiriş okuwlaryny geçýän diňleýjiler, orta mekdepleriň geografiýa mugallymlary hem gollanma hökmünde peýdalanyp bilerler.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024