Aşgabat
Täzelikler
66
Rumyniýa amala aşyrylýan iş saparynyň çäginde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýeti, Rumyniýanyň inženerçilik tehnologiýasy pudagyndaky abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Buharestiň politehniki uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Häzirki wagtda 15 fakultet hereket etmek bilen, bu ýokary okuw mekdebinde 25000-den gowrak talyp okaýar. Duşuşygyň dowamynda rektor Horia Nekula Rumyn uniwersitetiniň taryhy, gurluşy, akademiki we halkara işleri barada gürrüň berdi we türkmen uniwersiteti bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirdi.
Ýeri glende bu duşuşygyň ähmiýetini belläp, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şihlyýew özara peýdaly hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny, hususan-da maglumat tehnologiýasy pudagyny belläp geçdi. Uly ykdysady mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda innowasion ösüş ýolunda ynamly öňe gitmegi dowam edýär. N.Şihlyýew bu ugurda döwletimiziň ähli pudaklaryny tehnologiki taýdan özgertmek we olary döwlet dolandyryşy, çeşme we önümçilik mümkinçiliklerine esaslanýan bilim ykdysadyýetini döretmek üçin ýol kartasy bolan 2025-nji ýyla çenli işlenip düzülen döwlet Konsepsiýanynyň durmuşa geçirilýändigi barada habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar kompýuter tehnologiýasy ugurlarynda 1 + 1 maksatnamasyny ulanyp, iki derejeli okuw meýilnamalarynyň taslamasyny taýýarlamagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi teklip etdiler .
Duşuşykdan soň uniwersitetleriň wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge we özara gyzyklanýan ugurlarda işleri guramaga gyzyklanma bildirdiler.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024