Aşgabat
Täzelikler
66
2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynyň ikinji ýarymynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory, şeýle hem Türkmen ilçihanasynyň işgärleri Rumyniýanyň Ploeşti nebit we gaz uniwersitetine baryp gördüler. Ploiesti Nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Alin Dinitsa bilen geçirilen duşuşykda taraplar biri-birilerini mähirli garşylap, bilim pudagyndaky ýurtlarymyzyň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary giňeltmek isleýändiklerini mälim etdiler.
Rektor Alin Dinitsa öz çykyşynda türkmen wekiliýetini gutlap, rumyn tarapynyň bilim we ylmy-barlag ugurlarynda amala aşyrylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek bilen gyzyklanýandygyny beýan etdi. Türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek üçin taýýardyklaryny aýdyp, rektor bilim, gözleg we ylym, talyplaryň we mugallymlaryň akademiki alyş-çalşygy ýaly derwaýys ugurlary kesgitledi.
Şeýle-hem, Erasmus+ maksatnamasyny durmuşa geçirmekdäki tejribesi barada habar berip, rektor bu ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi. Rumyn tarapy häzirki wagtda mugallym alyş-çalşygyny amala aşyrmak we alyş-çalyş sanyny artdyrmak üçin bu hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin çäreleri görýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, Ploeşti nebit we gaz uniwersitetiniň zerur infrastruktura we tehnologiki mümkinçilikleri bolan Rumyniýanyň iň irki (1948-nji ýyldan başlap) we iň abraýly bilim edaralarynyň biridir.
Uniwersitetde jemi 5 fakultet hereket edýär: Nebit inženerçiligi fakulteti, Mehaniki we elektrik inženerçiligi fakulteti, Nebit tehnologiýasy we nebithimiýa fakulteti, Ykdysady ylymlar fakulteti, Rumyn, iňlis, fransuz we nemes dillerinde edebiýat we ylym fakulteti.
Duşuşyň dowamynda Türkmen wekiliýeti öz çykyşynda uniwersitetiň işleri bilen tanyşdyrdy, şeýle hem Türkmenistanyň taryhy we Bitaraplyk derejesiniň parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekdäki ähmiýeti esasynda alnyp barylýan Türkmenistanyň daşary syýasaty barada giňişleýin gürrüň bermek bilen, Türkmenistanda ýaşlar syýasatyna alnyp barylýan başlangyçlar barada-da maglumat berdi.
Iki uniwersitetiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde türkmen tarapy, Ploeşti nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrdy.
Taraplar, geçirilýän olimpiadalaryň talyplary ýakynlaşdyrmak, dostluk we parahatçylygy ýola goýmak üçin möhümdigini bellediler.
Mundan başga-da, taraplar iki uniwersitetiň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekmek, şeýle hem bilelikdäki ylym-bilim çäreleri, konferensiýalary we gyzykly mowzuklar boýunça onlaýn sapaklary alyşmak arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň mümkinçiligini öwrenmek barada ylalaşdylar.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024