
Täzelikler
2303

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň netijesinde bilim, ylym ulgamlaryndaky kabul edilen permandyr kanunlar döwlet dili hukugyna eýe bolan türkmen diliniň jemgyýetçilik hyzmatynyň gerimini has hem giňeltdi. Olsözüň doly manysynda döwleti dolandyrmagyň we aňyýeti ösdürmegiň, ylym-bilimiň, terbiýäniň, metbugatyň möhüm guralyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesliň ýokary hillibilim-terbiýe almagy, bilim derejesiniň dünýä ülňülerine laýykgelmegi baradaky öňde goýan wezipelerine laýyklykda häzirki döwürde milli bilim ulgamynyňiň derwaýys meseleleriniň biri hasaplanýan orta, orta hünär, ýokary okuw mekdeplerini okuw kitaplarydyrgollanmalar bilen üpjün etmek işi yzygiderli amala aşyrylýar.
Türkmen diliniň fonetika, leksikologiýa, söz ýasalyş, morfologiýa, sintaksis, stilistika bölümleri boýunça dürli ýyllarda düýpli ylmy işler, okuw kitaplary we gollanmalar ýazyldy. Sintaksis boýunça “Häzirki zaman türkmen dili. Sintaksis” (1962), “Türkmen diliniň morfologiýasynyň we sintaksisiniň meseleleri” (Hamzaýew M., 1969.), “Häzirki zaman türkmen dilinde goşma sözlemiň gurluşy. Eýerjeňli goşma sözlem” (Nartyýew N., 1981), “Häzirki zaman türkmen dili. Sintaksis” (Nartyýew N., Penjiýew M., Myradow A., 2002) ýaly birnäçeişler ýerine ýetirildi. Türkmen dilçileri, orta, orta hünär we ýokaryokuw mekdepleriniň mugallymlarybu okuw kitaplarydyr gollanmalardan giňden peýdalanýarlar. Şol neşirleriň ählisinde diýen ýaly diliň bölümleriniň nazary meseleleri boýunça gelnen netijeler berilýär. Okuw usulyýetinde bolsa bu bölümleriň her biri boýunça amaly kitaplaryň gerekdigi öz-özündendüşnüklidir.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň türkmen dili kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Gurbangül Myradowa hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň diller kafedrasynyň mugallymy Aknur Meredowa tarapyndan taýýarlanyp, «Türkmen döwlet neşirýat gullugy» neşirýaty tarapyndan neşir edilen «Häzirki zaman türkmen dili. Sintaksis» atly okuw kitabynda sintaksisiň meseleleriniň amaly tarapyna aýratyn üns berilýär. Onuň nazary esasy hakynda hem gysgaça maglumatberilýär. Olar tekstler, gönükmeler, ýumuşlar bilen berkidilýär. Her bir tema degişli orfografik we punktuasion düzgünleri, orfoepik normalary öwretmek göz öňünde tutulýar.
Kitapda sintaksisiň öwrenýän meseleleri: sintaktik birlikler, sintaktik serişdeler, sintaktik gatnaşyklar, sintaktik baglanyşyklar, söz düzümi, sözlem, tekst, başganyň sözi, sitata, gepleşik, sintaksisiň dil biliminiň beýleki bölümleri, aýratyn-da, punktuasiýa bölümi bilen baglanyşygy aýry-aýrylykda berilýär.
Bu okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary üçin niýetlenendir.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty