Aşgabat
Täzelikler
184
Bu dabara Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim özgertmelerini durmuşa geçirmekde, ylymly, bilimli, watansöýüji nesilleri kemala getirmekde çeken döredijilikli zähmetleri, bilim işini pedagogiki ylmyň we terbiýäniň häzirki zaman maglumatlary hem-de nazaryýeti esasynda ýokary derejede guramakda, bilimiň mazmunyny has-da baýlaşdyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, Halkara Bitaraplyk baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň bilim işgärlerini sylaglamaga bagyşlandy. Şonuň ýaly-da, “Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy” we “Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep” ady bilen döwlet derejesinde geçirilen bäsleşigiň jemi jemlendi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy goramak syýasaty üstünlikli dowam etdirilip, bu ugurda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem, ýurdumyzyň pedagogik işgärleri ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde göreldeli zähmet çekýärler, il bähbitli, ýurt ähmiýetli şeýle döwletli işlere bilim edaralarynyň ýolbaşçylary, mugallymlary, terbiýeçileri, usulyýetçileri işeňňir gatnaşýarlar.
Bäsleşigiň maksady hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek syýasatyny durmuşa geçirmek, bu babatda döwrümiziň ösen talaplaryna mynasyp jogap bermek, daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işlere ýaş nesliň işjeň gatnaşmagyny gazanmak, olarda watansöýüjiligi, tebigata mähirli garamagy terbiýelemek, daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işlere höwesli gatnaşmagy öwretmek, ekologiýa medeniýetini ösdürmek bolup durýar. Şeýle hem, bu bäsleşik ýurdumyzyň ähli künjeklerini bagy-bossanlyga öwürmek babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan tutumly işlere ýaş nesliň işjeň gatnaşmagyny gazanmak, körpe nesillerde daşymyzy gurşap alan gözelliklere söýgini terbiýelemek, ýaş nesliň ekologiýa medeniýetini ösdürmek, bu ugurdaky işleriň nusgalyk derejede ýola goýlan bilim edaralaryny ýüze çykarmak we olaryň iş tejribelerini ýaýratmak maksady bilen geçirildi.
Türkmenistanda bilim edaralarynyň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürmek, arassa ekologiýa gurşawyny emele getirmek, tebigatyň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, her bir bilim işgäridir okuwçynyň ekologiýa taýdan arassa we sagdyn daşky gurşawda okamagy, işlemegi üçin zerur şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. «Türkmenistanyň 2021─2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynda» hem-de «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda (rejelenen görnüşi) kesgitlenen anyk maksatlara we aýdyň wezipelere laýyklykda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda giňden ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn çäreleriň netijesinde, ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki bilim edaralarynyň daş-töweregi gür baglyga bürenýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bag-agaç nahallaryny oturtmaklygam ekologiýa terbiýesine degişlidir. «Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär, Dünýä kitabynda onuň ady bar» diýen setirler hem muny tassyklaýar”. “Daragtlaryň biziň süňňümize we sagdynlygymyza ýetirýän täsiri örän uly. Ol hem maddy, hem ruhy taýdan ähmiýetlidir. Käbir daragtlar bize juda täsirli we jadyly güýji bagyş edýär diýsek, öte geçmeris. Bir daragta gözümiz düşse, ýüregimize ýakyn we ýakymly kimdir birine duşan ýaly begenýäris. Olaryň ruhy dünýämize salýan giňligi, çaýýan öwüşgini hem tükeniksiz. Ýylyň ähli möwsüminde hem onuň peýdasyny aýdyň duýýarys. Bahar möwsüminde ýaşyl dona bürenen daragtlar durmuşa bolan söýgini artdyrýar. Howurly tomusda gür baglaryň ýaşyl ýapraklarynyň, astyndaky dynjyň özi uly zada degýär. Güýzde sary begresi, gyşda ak dony egnine atan daragtlary göreniňde tebigatyň çyn gözelligini süňňüň, ruhuň bilen duýýarsyň” diýip belleýän Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp sözleri bilim edaralarynyň daş-töweregini gür baglyga beslemek meselesinde hem nusga alarlykdyr.
Mekdeplerdir çagalar baglarynyň ýerlerinde agaç nahallaryny ekip, gülzarlygy döretmek, bir tarapdan, okuwçylaryň ekologik terbiýesine oňyn täsir etse, ikinji bir tarapdan, tebigatyň gözelligine gözellik goşýar. Häzirki wagtda ekologiýa abadançylygyny goramak, çagalar baglarydyr mekdepleriň daş-töweregini gür baglyga öwürmek babatda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda köp görnüşli işler amala aşyrylýar. Şolaryň biri-de, mekdebe çenli we umumbilim edaralarynyň çäklerinde “Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy” we “Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep” atly bäsleşikleriň geçirilmegidir. 9-njy dekabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler zalynda şol bäsleşiklerde ýeňiji bolanlar, şonuň ýaly-da, köp ýyllaryň dowamynda bilim ulgamynda çeken döredijilikli zähmetleri, bilim işini häzirki zamanyň ösen talaplary esasynda ýokary derejede guramakda, bilimiň mazmunyny has-da baýlaşdyrmakda, hilini ýokarlandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin işine ussat halypalar, göreldeli işleýän mugallymlar sylaglanyldy.
“Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep” atly bäsleşigiň Baş baýragyna Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň 11-nji orta mekdebi mynasyp boldy. 1-nji orna Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 2-nji orta mekdebi, 2-nji orna Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebi, 3-nji orna Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 84-nji orta mekdebi mynasyp boldular.
“Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy” atly bäsleşigiň Baş baýragyna Mary welaýatynyň Mary şäheriniň daşary ýurt dilini çuňlaşdyryp öwredýän 21-nji çagalar bakja-bagy mynasyp boldy. 1-nji orna Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 5-nji çagalar bakja-bagy, 2-nji orna Arkadag şäheriniň 9-njy çagalar bakja-bagy, 3-nji orna Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň 11-nji çagalar bakja-bagy mynasyp boldular.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri-de ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekdir. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň beden hem ruhy taýdan sagdyn, giň gözýetimli, zähmetsöýer, eziz Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmegi babatda taýsyz tagallalary edýär. Munuň şeýledigine “Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy” we “Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep” atly bäsleşikleriň jemleri hem-de mähriban Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli, döwrebap zähmet çekýän işine ussat mugallymlaryň, halypa bilim işgärleriniň zähmet üstünlikleri arkaly has-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şu günki bilim işgärlerini sylaglamak dabarasynda ýeňiji bolanlara we işiniň ussady hökmünde öňe saýlananlara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat haty hem-de ylym-bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bu bolsa tamamlanyp barýan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda” bilim işgärleriniň zähmetine hormat goýmak babatda döwlet tarapyndan näderejede uly aladalaryň edilýändigini ýene-de bir gezek görkezdi. Bäsleşigiň ýeňijileri bolan çagalar baglarynyň we umumybilim berýän mekdepleriň müdirleri hem-de bilimi hil we mazmun taýdan ýokary derejelere çykarmakda göreldeli zähmet çekip, sylag-hormata mynasyp bolan mugallymlar işlemäge, ýaşamaga döredilýän ajaýyp şertleridir mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny aýtdylar.
“Bilim” žurnaly
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024