Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär

10.12.2024

75

Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär

9-njy dekabrda Türkmensiatnyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen «Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda bilelikdäki tagallalar» atly halkara maslahata hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň kanunyň hökmürowanlygy we howpsuzlyk edaralary boýunça Kömekçisi Aleksandr Zuýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde BMG-niň esasy mehanizmleriniň biri bolan parahatçylygy döretmek işine aýratyn üns berýändigini bellediler. Parahatçylygy üpjün etmek boýunça amallar ýiti meseleleri uzakmöhletleýin kadalaşdyrmakda netijeli guraldyr.

Türkmenistanyň bitaraplyk derejesine esaslanmak bilen, türkmen tarapy parahatçylygy pugtalandyrmak boýunça halkara tagallalaryna gatnaşmagyň görnüşlerine garamaga taýýardygyny mälim etdi.

BMG-niň degişli edarasynyň işlerine Türkmenistanyň bitaraplyk derejesini nazara almak bilen gatnaşmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem konstruktiw häsiýetde ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly