Aşgabat
Täzelikler
24
2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy barlag institutynyň Ylym bölüminiň Baş ylmy işgäri Muhammet Abaýewiç Mamenow “Türkmenistanda döwrebaplaşdyrylan seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk” atly okuw maslahatyny geçirdi.
Bu okuw maslahaty Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek” Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy” we “Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy” boýunça degişli işleri alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň arasyndaky 3 taraplaýyn “Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini peseltmek we ýurdumyzda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça bilelikdäki ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasyny” ýerine ýetirmegiň çäklerinde amala aşyrylýar.
Esasanda, bu okuw maslahatynda Türkmenistanda alnyp barylýan gurluşyklar, onda ulanylýan innowasion gurluşyk materiallary we olaryň seýsmiki ýagdaýa durnuklylygy hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk kadalarynyň we standartlaryň gurluşyk işlerinde talabalaýyk ýerine ýetirilişi barada giňişleýin maglumat berildi.
Häzirki wagtda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arabaglanyşygyny has-da pugtalandyrmak we ýokary tehnologiýalary döretmek hem-de işlenip taýýarlanylan innowasiýalary işjeň ornaşdyrmak boýunça amatly şertler döredilýär.
Şeýle mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024