Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «PARS DILINIŇ AMALY KURSY» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

10.12.2024

105

ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «PARS DILINIŇ AMALY KURSY» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

Ylmyň, bilimiň ösen döwründe ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Bu talaplardan ugur alyp, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri, şol sanda daşary ýurt dilleri boýunça ökde mugallymlary ýetişdirmek üçin dürli okuw-usulyýet işleri amala aşyrylýar. Olaryň hatarynda maksatnamalar, gollanmalar, okuw kitaplary esasy orny eýeleýär.

Häzirki döwürde ýaş nesliň ösen dünýä biliminiň, ylmynyň gazananlary bilen kynçylyksyz tanşyp we tejribede ulanyp, daşary ýurt dillerini erkin bilmegi hormatly Prezidentimiziň olardan edýän esasy talaplarynyň biridir. Munuň özi ýurdumyzda alnyp barylýan dil syýasatynyň hem öňde goýýan esasy maksadydyr.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen «Pars diliniň amaly kursy» okuw kitaby (awtorlary: B.Atanyýazowa, B.Akmämmedowa, R.Hojanyýazow) ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenip, onuň öňde goýan maksady sözleýşi tekstler arkaly öwretmekden, diňe zerur halatynda, nazary maglumatlary gysga we anyk bermekden hem-de düşündirmekden ybaratdyr.

Kitapdaky ähli materiallar derslere bölünip, tematik ýörelge esasynda berilýär, talyplar üçin gyzykly bolan belli bir tema degişli tekst saýlanyp alynýar. Ol tekstler umumy bilim berijilik, öwredijilik maksatly bolmagy bilen tapawutlanýar. Şeýlelikde, getirilýän tekstler pars dilini öwrenýän talyplaryň söz baýlygyny artdyrmagy, sözleýiş medenýetini we ýazuw endiklerini ösdürmegi, şonuň bilen bilelikde-de, grammatik düşünjelerini artdyrmagy kämilleşdirmegi göz öňünde tutýar. Tekstler okuw sapaklarynda-da, ondan daşary özbaşdak sapaklarda-da öwrenilip bilner. Gönükmeleriň üsti bilen türkmen topragyna, medeniýetine, sungatyna we ş.m. degişli tekstleri pars diline terjime edip öwrenmek maksat edinilipdir. Pars dilini şu usulda öwretmägä çemeleşilmegi berlen sapaklaryň talyplar tarapyndan çalt özleşdirilmegine oňaýly täsir etjekdigi şübhesizdir.

Okuw kitabynyň soňunda parsça-türkmençe sözlügiň berilmegi okuw kitabynyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde pars dilini hünär dili hökmünde okaýan talyplar üçin niýetlenen «Pars diliniň amaly kursy» okuw kitaby talyplaryň pars dilinde sözleýiş endigini, terjimeçilik işini, grammatiki, orfografiki kadalary ulanyp bilmek ýaly endiklerini kämilleşdirmekde, dil başarnyklaryny artdyrmaga hem-de öwrenilýän diliň ýurdunyň we eziz Watanymyzyň medeniýetleriniň, däp-dessurlarynyň aýratynlyklaryny öwrenmekde ähmiýetiniň uly boljakdygy öz-özünden düşnüklidir.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly