Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Katar döwletiniň Diplomatiýa institutynyň wekili bilen duşuşyk

10.12.2024

121

Katar döwletiniň Diplomatiýa institutynyň wekili bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Katar Döwletiniň Diplomatiýa institutynyň direktory Abdulaziz Mohamed Horryň alyp barmagynda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda umumy sapak geçirildi.

Umumy sapagyň dowamynda hormatly myhman Türkmenistan bilen Katar döwletiniň arasyndaky syýasy-diplomatik hem-de ylym-bilim ugurlary boýunça üstünlikli alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Şeýle-de hormatly myhman talyplary özüniň baý iş tejribesi bilen tanyşdyrdy.

Talyplar hormatly myhmana özlerini gyzyklandyrýan sowallary bilen ýüzlendiler. Diplomatik gullugynyň baý tejribesine eýe bolan myhman özüne berlen sowallara giňişleýin jogap bermek bilen, talyplara geljekki hünär ugurlarynda ýokary derejelere eýe bolmaklaryny arzuw etdi.

Batyr ESENOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby.

Çeşmesi: Halkara gatnaşyklar instituty

Şeýle hem okaň: newcentralasia.net

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024