Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň diplomatik hünärli ýaşlary taýýarlaýan ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimleri

10.12.2024

303

Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň diplomatik hünärli ýaşlary taýýarlaýan ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimleri

2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Katar Döwletiniň Diplomatiýa institutynyň direktory Abdulaziz Mohammad Al-Horryň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga iki Döwletiň Ilçileri Myratgeldi Seýitmämmedow we Hamad Al-Azbi, Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Gülnabat Gurdowa gatnaşdylar.

Bu duşuşygyň esasy maksady Katar Döwletiniň Diplomatiýa instituty bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge ýardam etjek täze başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Türkmenistanyň Bilim ministri şu ýylyň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk boýunça ýerine ýetirilen wezipeleri mysal getirmek bilen, bilim ulgamynda gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagyna Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň ýolbaşçylarynyň soňky ýyllarda amala aşyran resmi saparlarynyň özüniň oňyn ýardamyny berendigini buýsanç bilen belläp geçdi. Şeýle hem, Ministr hormatly myhmana Katar Döwletiniň Diplomatiýa instituty bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklaryň täze ugurlary boýunça birnäçe anyk teklipleri beýan etdi.

Abdulaziz Mohammad Al-Horr, agzalan teklipleri makullap, olary iş ýüzünde amal etmäge doly taýýardygyny mälim etdi. Şeýle hem, özüniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna baryp görendigini, bu ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň öňünde çykyş edendigini hem-de türkmen talyplarynyň zehininiň özünde uly täsir galdyrandygyny buýsanç bilen nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda bildirilýän gyzyklanmalar we teklipler üçin birek-birege hoşallygyny bildirdiler hem-de bu babatda gatnaşyklaryň özara bähbitli hem-de netijeli häsiýete eýe bolmagyny arzuw etdiler.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Şeýle hem okaň: newcentralasia.net

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly