Aşgabat
Täzelikler
89
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň guramagynda “Sungatyň ylym gözbaşy” ady bilen konserwatoriýanyň mugallymlarynyň aýdym-saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça ýazan kitaplaryndan kitap sergisi we tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Bu sergi talyp ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz: “Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmakda medeniýet ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Medeniýet we sungat halkyň ruhy baýlygydyr. Medeniýete we sungata halkyň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklaýan, dünýäde wagyz edýän hem-de ýaş zehinleri terbiýeleýän möhüm serişde hökmünde aýratyn orun degişlidir.” diýip örän jaýdar belläp geçýär.
Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň mugallymlary R.Amangeldiýewiň “Türkmen kompozitorlarynyň instrumental eserlerinde sonata formasy”, M. Gapurowyň “Halk saz gurallary ansambllary üçin eserler”, S. Nuryýewanyň “Fortepianoüçin eserleriň ýygyndysy”, H. Muhammetgulyýewiň “ Akkordeon üçin eserleriň ýygyndysy”, M. Gurbanowyň we L. Nasyrowanyň bilelikde ýazan “Gitara” kitaby, S.Tüýliýewiň “Теория туркменской музыки”, Ýe.Osipowa we R. Muhammedowyň bilelikde ýazan “Türkmen sazynyň teoriýasy”I kitaby boýunça awtorlary gysgaça tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Şeýle hem täze kitaplar boýunça talyplar özlerini gyzyklandyrýan soraglary awtorlar bilen söhbetdeşlik arkaly dowam etdiler. Türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmekde konserwatoriýanyň mugallymlarynyň täze kitaplary talyp ýaşlara uly gollanma bolup hyzmat eder.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösmeginde döredilýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.
Nuryýewa Maral
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli
konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024