Aşgabat
Täzelikler
14
Düýn Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 25 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgada öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasaty halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň infrastrukturasynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Şunda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzda zerur işler amala aşyrylýar.
Açylyş dabarasyna Mejlisiň deputatlary, welaýat, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar gatnaşdylar. Welaýatyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Çykyşlarda döwrebap suw arassalaýjy desgany gurduryp berendigi üçin döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.
Soňra dabara gatnaşyjylar täze desgada ornaşdyrylan enjamlar we olaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen desganyň eýeleýän meýdany 8 gektar bolup, ol dolandyryş we suw arassalaýyş binalaryndan, suw durlaýjy howuzlardan hem-de beýleki binalardan ybaratdyr. Bu bolsa ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Şeýlelikde, bu möhüm desganyň açylyp ulanmaga berilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şanly wakalarynyň biri bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsine öwrüldi.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024