Aşgabat
Täzelikler
87
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine wepaly, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent, bilimli, ylymly, milli ruhly ýaş nesli kemala getirmek, talyp ýaşlaryň kitap okamak höweslerini ösdürmek, durmuş tejribelerini artdyrmak, talyp ýaşlaryň kitap okamaga bolan höweslerini ösdürmek, durmuş tejribelerini artdyrmak, talyp ýaşlaryň arasynda kitap okamagyň ähmiýetini wagyz etmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we olary höweslendirmek, taryhy şahsyýetlerimiziň edebi mirasyny ebedileşdirmek we geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Kitap bilimiň çeşmesi” atly kitap okamak boýunça ylmy-döredijilik bäsleşigi geçirildi.
Ýurdumyzyň 15 sany ýokary okuw mekdeplerinden talyp ýaşlar bäsleşige gatnaşdy. “Kitap bilimiň çeşmesi” atly bäsleşige her ýokary okuw mekdebinden 4 talypdan ybarat bolan topar gatnaşdy.
Ylmy-döredijilik bäsleşiginiň netijesi boýunça 7 sany ýokary okuw mekdebi baýrakly orunlara mynasyp boldy.
I orun: Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplar topary.
II orun: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplar topary.
II orun: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplar topary.
III orun: Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplar topary.
III orun: Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplar topary.
III orun: Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplar topary.
III orun: Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplar topary.
2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 24-ine Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mejlisler zalynda ylmy-döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine sowgat gowşurylyş dabarasy geçirildi. “Kitap bilimiň çeşmesi” atly bäsleşiginde "Zenan kalby” žurnalynyň bölüm redaktory Ogulgözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri Kakajan Baýramow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Türkmen taryhynyň golýazma çeşmeleri bölüminiň müdiri Geldimyrat Muhammedow emin agzalyk etdi. Bäsleşiginiň ýeňijilerine institut tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024