Aşgabat
Täzelikler
8
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda makala ýazmak boýunça «Döwrüň özgertmeleri — ýaş žurnalistleriň gözi bilen» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.
Uniwersitetiň habar bermegine görä, döredijilik bäsleşigi I we II derejeler boýunça geçirildi. I derejä žurnalistika hünärinde, II derejä bolsa beýleki hünärlerde okaýan talyplar gatnaşdylar. Bäsleşige 150-ä golaý iş tabşyrylyp, olar «Türkmenistan» gazetiniň žurnalistlerinden we uniwersitetiň mugallymlaryndan düzülen eminler topary tarapyndan düzgünnamanyň şertlerine laýyklykda seljerildi. Şeýlelikde, 21 awtoryň işi degişli orunlara mynasyp görüldi.
I dereje boýunça ýeňijiler:
1-nji orun — Rejepgeldi ALLAMYRADOW, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň talyby;
2-nji orun — Aýlar ATAJYKOWA, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby;
2-nji orun — Akgyz ANNAÝEWA, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň talyby;
2-nji orun — Gyzylgül AMANLYÝEWA, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby;
3-nji orun — Yhlas HALLYÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby;
3-nji orun — Žaloleddin BALTABAÝEW, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bedenterbiýe fakultetiniň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.
II dereje boýunça ýeňijiler:
1-nji orun — Arslan MÄMMEDOW, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň pedagogika bilimi hünäriniň talyby;
2-nji orun — Nury SAKÇYÝEW, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň talyby;
2-nji orun — Batyr ILAMANOW, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň talyby;
2-nji orun — Akmaral HANDURDYÝEWA, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyby;
3-nji orun — Çynar RAHMANOWA, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň resminama we arhiw öwreniş taýýarlygy ugrunyň talyby;
3-nji orun — Aýbölek JUMAÝEWA, Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň kesel bejeriş fakultetiniň lukmançylyk-durmuş işi hünäriniň talyby;
3-nji orun — Ylham AMANTAGANOW, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň talyby;
3-nji orun — Allaýar GURBANOW, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk ugrynyň talyby;
3-nji orun — Firuza DOSÇANOWA, Türkmen oba hojalyk institutynyň agronomçylyk fakultetiniň agronomçylyk hünäriniň talyby;
3-nji orun — Gülaýym AKYNYÝAZOWA, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby;
3-nji orun — Ogulgerek ATAÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş hünäriniň talyby.
Höweslendiriji baýragyň eýeleri:
Oguljeren KÄBÄÝEWA, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby;
Aýgül NAZARLYÝEWA, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň maglumat tehnologiýalary programmirleme fakultetiniň talyby;
Kuwwat ÝOWBASAROW, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano fakultetiniň sazşynaslyk hünäriniň talyby;
Maksatgeldi GELDIÝEW, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň inžener ulgamlary we torlary hünäriniň talyby.
P.S. Eminler topary döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň ýakyn wagtda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde dabaraly ýagdaýda sylaglanyljakdygyny mälim etdi.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024