Aşgabat
Täzelikler
17
Häzirki wagtda ýurdumyzda milli ylym-bilim ulgamy döwrüň ösen talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça öňde duran uly wezipelere ünsi çekmek bilen, ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim- önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmegi hem şolaryň hatarynda belläpdi. Bu wajyp wezipäni durmuşa geçirmek maksady bilen, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, şol sanda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde degişli işler dowam etdirilýär. Milli ylmy-tehniki ösüşiň depginini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça bäsdeşlige ukyply, ykdysady taýdan netijeli ylmy-barlag, taslama işleri alnyp barylýar we ylmy taýdan esaslandyrylan işläp düzmeler önümçilige ornaşdyrylýar.
Talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini tejribelikde we ylymda pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň binýadynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýöriteleşdirilen binýatlyk kafedralary döredildi. «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýynösdürmegiň 2021 we «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» meýilnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak maksadyndan ugur alnyp, uniwersitetimizde «Türkmengaz» döwlet konserniniň garamagyndaky «Lebapgaz- çykaryş» we «Marygazçykaryş» müdirlikleri bilen şertnama esasynda gaz guýularynyň önümçilik işlerine zerur maglumatlaryň takyk we tiz wagtda elýeterli bolmagyny gazanmak hem-de guýular- 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň».
Ýokary okuw mekdebiniň alymlary tarapyndan işlenip düzülen «Buraw turbalarynyň boşluklaryndan howany gysyp çykarmak üçin enjam» atly oýlap tapyşa Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan bellige alnan çäklendirilen patent alyndy. Bu innowasion gidrawlik enjamy önümçilige ornaşdyrmak üçin «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» esasynda «Özara hasaplaşygy seljerme» atly programma üpjünçiliginiň onlaýn görnüşiniň işlenip taýýarlanylandygyny we durmuşa ornaşdyrylandygyny hem bellemelidiris. Şeýle programma üpjünçilikleriniň edara-kärhanalarda synagdan geçirilip peýdalanylmagy sanly bilimiň netijeliligi- niň artmagyny üpjün edýär.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginde önüm berijiligi peselýän gaz daky iş hadysalarynda bolup geçýän üýtgeşmeleri öz wagtynda seljermek, şeýle hem önümçiligiň iş meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamak boýunça ylmy-barlag we taslama işleri alnyp barylýar. Önümçilige ylmy taýdan esaslandyrylan teklipler berilýär.
2023-nji ýylda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Balkannebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň sargydy boýunça uniwersitetiň alymlary we hünärmenleri şertnama boýunça «Ýurdumyzyň ýerli çig mallary esasynda buraw we tamponaž erginleriniň düzümlerini işläp düzmek we önümçilige ornaşdyrmak» atly ylmy-barlag işini ýerine ýetirdiler. Ylmy taýdan esaslandyrylan buraw we tamponaž erginleriniň täze düzümleri işlenip düzüldi we «Türkmengeologiýa» döwlet konserniniň «Balkannebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň gözleg-barlag guýularyny burawlamak we sementlemek işlerinde önümçilige ornaşdyrmak üçin teklipler hödürlenildi. Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýadan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, uniwersitetiň mugallymlary we talyplary tarapyndan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini döretmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan innowasion ýel energetika tehnologiýasy işlenip düzüldi we ony «Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.» kompaniýasynyň hünärmenleri bilen bilelikde Hazar deňziniň kenarynda önümçilige ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris. müdirliginiň “Galkynyş” gaz käniniň 236-njy buraw gaz guýusynda üstünlikli synag-tejribe işleri geçirildi we önümçilige ornaşdyryldy.
Şeýle-de işlenip düzülen «Guýular gaznasy» programma üpjünçiligi doly tapgyrda synagdan geçirildi. Ony önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen teklipnamalar taýýarlanyldy. Munuň özi önümçilik bilen bagly işleriň kadaly esasda alnyp barylmagyna we ylmy-barlag we gözleg işlerini, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryny sanly ulgama geçirmäge hem-de ýokary ykdysady netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.
Ylmy-barlag we taslama işlerine professor- mugallymlar bilen birlikde, talyplaryň çekilmegi olaryň öz saýlan hünärleri boýunça alýan bilimi- ni has-da çuňlaşdyryp öwrenmegine, ylym bilen meşgullanmagyna itergi berýär. Sanly bilimi dürli ulgamlara ornaşdyrmak maksady bilen, uniwersitetde Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň sargydy boýunça «Raýatlaryň awtomatlaşdyrylan elektron maglumat ulgamy» atly programma üpjünçiligi hem işlenilip düzülip, doly synagdan geçirildi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hünärmenleriniň ähli özara hasaplaşygy boýunça bitewi ulgamyny döretmek, olary ýerlikli ulanmak we hukuk namalarynyň bir elektron ýygyndysyny, maglumat gaznasyny ýöretmek maksady bilen, uniwersitetiň Innowasiýa ylmy- okuw merkeziniň alymlary tarapyndan şertnama guýularynyň durnukly tehnologik iş düzgünini işläp taýýarlamak» atly ylmy-barlag işi şertnama esasynda ýerine ýetirildi. Netijede, känleriň önümi peselýän guýularyň häsiýetnamasy, gazodinamik we geofizik barlaglaryň netijeleri seljerildi. Şol esasda önümi peselýän guýularyň düýpýaka zolagynyň häsiýetleri kesgitlenildi. Olaryň önüm berijiligini ýo- karlandyrmak boýunça innowasion tehnologiýa we kadalaşdyryjy tehnologik düzgünler işlenip taýýarlanyldy.
2025-nji ýylda ýokary okuw mekdebiniň alymlary «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň hünärmenleri bilen bilelikde, nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça «Goturdepe, Barsagelmez nebit känlerindäki guýularyň düýpýaka zolagynda emele gelýän çägä garşy göreşmegiň esasynda önüm berijiligi ýokarlandyrmak» atly ylmy-barlag işini ýerine ýetirmegi göz öňünde tut- ýarlar. Alnyp barylýan ylmy-barlag we taslama işleri bilimiň, ylmyň, önümçiligiň arabaglanyşygyny ýokarlandyrmak bilen, ykdysady taýdan ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Her bir oýlanyşykly tutumly işiň ahyrky netijesiniň ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklarynyň has ýokarlanmagyna, ösdürilmegine getirjekdigi şübhesizdir.
Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegi, onuň önümçilik bilen arabaglanyşygynyň pugtalandyrylmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024