Aşgabat
Täzelikler
168
Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Bilim” ylmy-usuly žurnalynyň 2024-nji ýyldaky 6-njy sany çapdan çykdy. Žurnalda ýerleşdirilen makalalar Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşy; Ylmy makalalar; Mekdebe çenli terbiýe; Umumybilim berýän mekdep; Ýokary bilim atly rubrikalarda berildi.
Makalalarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda, ylym-bilim, terbiýe ulgamlarynda alnyp barylýan işler, ýetilen belent sepgitler, okuw, usulyýet ulgamyndaky täzelikler, şeýle hem bu ugurlardan öňde durýan wezipeler beýan edilýär. Dürli dersler boýunça çap edilen makalalar terbiýeçilere we mugallymlara işlerinde ýakyn gollnanma bolup hyzmat eder.
Žurnalyň ilkinji sahypalarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Amannepes Şyhnepesowyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň çuňňur many-mazmuny barada gürrüň berýän “Milli ruhuň täze pelsepesi” atly makalasy ýerleşdirildi. Bu makalada hormatly Prezidentimiziň “Hakyda göwheri” kitabynda beýan edilýänpelsepeler barada nygtalyp geçilýär. Makalanyň awtorynyň belleýşi ýaly: “Bu tüýs filosofik eserde geçmişe we geljege, taryha we edebiýata, dile we aňyýete degişli pelsepe täzelikleri we açyşlary bar”. Makalanyň soňundan “Hakyda göwheri” kitabyndan bölek ýerleşdirildi.
Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamynda halkara gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär, türkmen ýaşlarynyň halkara derejesinde gazanýan üstünlikleriniň sany ýylsaýyn artýar. Şurnalymyzyň şu sanynda ylym-bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlanan makalalaryň birnäçesi çap edilip, olarda türkmen ýaşlarynyň gazanan üstünlikleri beýan edildi, olaryň ýürek sözleri berildi.
Şeýle hem makalalaryň birnäçesinde sapaklary sanly serişdeleri ulanyp guramagyň mysallary, dünýä tejribesinden Montessori usulynyň ýörelgeleri ýaly halkara tejribeleri barada giňişleýin durlup geçilýär. Žurnalyň şu sanynda orta we ýokary bilim ulgamy üçin niýetlenilen makalalara hem giň orun berilýär.
“Bilim” ylmy-usuly žurnaly
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024