Aşgabat
Täzelikler
223
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Ekologiýa we ekologik tehnologiýalar kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Oguldurdy Baýramowa ýaňy ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen “Geljege bilelikde gadam basmak: Merkezi Aziýa we ABŞ – Energetika we daşky gurşawy goramak” atly sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdy.
С5+O.N.E. (Opening Networks through English) maksatnamasy Merkezi Aziýa ýurtlarynda dürli hünärleri boýunça başlangyç, orta we ýokary derejeli hünärmenleriň arasynda iňlis dilini ösdürmäge gönükdirilen özboluşly maksatnama bolup durýar. Bu maksatnama, döwlet pudagynyň, jemgyýetçilik pudaklarynyň we hususy kärhanalarda işleýän hünärmenleriň arasynda iňlis dili arkaly aragatnaşygy ýola goýmak bolup durýar. Şeýle hem bu maksatnama Merkezi Aziýanyň hünarmenleriniň arasynda halkara aragatnaşygyň ýola goýulmagyna we energiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda tejribe alyşmagyna uly goşant goşýar.
Bu maksatnama 2024-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda başlap hünärmenlere 9 aýyň dowamynda iňlis dili sapaklary okadyldy. 2024-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde ýurt boýunça С5+O.N.E. (Opening Networks through English) maksatnamasynyň jemleýji tapgyry we şahadatnama gowşurmak dabarasy boldy. Bu dabara ýurt boýunça 120-den gowrak hünärmen gatnaşyp, 35 sany gatnaşyjy ýeňiji bolup, Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen “Geljege bilelikde gadam basmak: Merkezi Aziýa we ABŞ – Energetika we daşky gurşawy goramak” atly sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşmaga mümkinçilik gazandylar.
Konferensiýa gatnaşmaklyk, sebitiň durnukly ösüşi üçin meýilnamalaryň işlenip düzülmegine, halkara gatnaşyklaryň berkemegine uly goşant goşar.
Ýurdumyzda dünýä dillerini öwrenmäge, halkara gatnaşyklary ýola goýmakda uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024