Aşgabat
Täzelikler
261
Gadymdan gelýän peder ýoluny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe yhlasly dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutany wezipesine girişen gününden beýläk ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleri giňden ýaýbaňlandyrmak bilen onuň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna uly yhlas siňdirip gelýär. Şonda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda ýola goýlan her bir ýyly onda amala aşyrmaly möhüm wezipeleri özünde şöhlelendirip, halkymyzy täzeden-täze üstünliklere atarýan çuňňur manyly şygarlar bilen atlandyrmagynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyna ähmiýet bermek bilen, ýaňy gadam goýan täze 2025-nji ýylymyzy “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrmagynyň ähmiýetiniň uludygy hemmelere mälimdir.
Ilki bilen, mukaddes Garaşsyzlygyň otuz ýyldan gowrak taryhynyň dürli döwürleriniň döwrebap atlandyrylandygy aýratyn ähmiýete eýedir. Şonda Garaşsyzlyk taryhynyň ilkinji döwrüniň (I döwür 1991-2006ý.) Berkarar döwletiň milli galkynyş döwri, Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutany wezipesine girişen badyna başlanan ikinji döwri (II döwür 2007-2012ý.) Täze Galkynyş we beýik özgertmeler döwri, üçünji döwri (III döwür 2012-2022ý.) Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri, dördünji döwri bolsa (IV döwür – 2022-nji ýylyň fewralyndan bäri) Berkarar döwletiň täze eýýamynynyň Galkynyşy döwri diýip atlandyrylandygyny bellemek gerek.
Gahryman Arkadagymyz 2007-nji ýylda döwlet Baştutany wezipesine girişmegi bilen, geçiş döwrüniň meseleleri doly çözülip, Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşinde täze döwür başlandy. Şol döwri bolsa Gahryman Arkadagymyz Täze galkynyş we beýik özgertmeler döwri diýip atlandyran bolsa, onda 2012-nji ýylyň 24-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde halkymyzyň ösüşiň hil taýdan täze belentligine, ýagny Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne gadam goýandygyny yglan etdi. Ine, şondan soňra her ýylda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň durmuşa geçirýän tutumly işleri ýurdumyzy belentden-belent derejelere çykaryp gelýär. Şonda her bir ýylyň özüne mahsus şygar astynda geçmegi halkymyzyň ruhuny belende göterip, şol ýyllarda ähli adamlaryň döredijilik yhlasyny öňde duran möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ugrukdyrýan ýol görkeziji şamçyrag bolup hyzmat etdi diýsek, hakykatdan daş düşmeris.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen halkymyzyň asyrlar- boýy edip gelen arzuwyny “Berkarar döwlet istärin” diýen ölmez-ýitmez setirlerinde beýan eden beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň uly dabaralara beslenen ýyly bolan 2014-nji ýylyň tutuş türki dilli döwletleriň çygrynda Magtymguly Pyragy ýyly diýlip atlandyrylmagy, mukaddes Garaşsyzlygy gorap saklamagyň we mundan beýläk-de berkitmegiň galkany bolup hyzmat edýän hemişelik Bitaraplygymyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 20 ýyllygynyň bellenilýändigi mynasybetli 2015-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň we parahatçylygyň ýurdy” ýyly, bäş müň ýyllyk şöhratly taryhynda dörediji, gurujy, bina galdyryjy halkymyzyň döreden maddy hem-de ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýmagyň nyşany hökmünde 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek” ýyly, berkarar döwletimizde ynsan saglygyny pugtalandyrmagyň hem-de adamlarda, ilkinji nobatda, ösüp gelýän ýaş nesillerde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmegiň ygtybarly serişdesi bolan sporty hem-de bedenterbiýäni ösdürmekde gazananlarymyzy bütin dünýä jar etmekde möhüm ähmiýetli waka bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa Oýunlarynyň geçirilen ýylynyň 2017-nji ýylyň “Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” ýyly diýlip, Gadymyýetde we Orta asyrlarda iki müň ýyllap Ýewraziýa yklymyndaky halklaryň ysnyşykly gatnaşyklarynyň ygtybarly serişdesi bolup hyzmat eden Beýik Ýüpek ýoluny XXI asyryň üýtgeşik taryhy şertlerinde täzeden dikeltmegiň hatyrasyna 2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip, çözmesi kyn bolan dürli meseleleri öňe çykarýan häzirki döwürde dünýä nusgalyk işleri amal etmek bilen, batly depginde öňe barýan ýurdumyzda 2019-njy ýylyň “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýyly diýlip, bütin adamzadyň rowaç ýaşaýyşyny üpjün etmek ugrunda dünýä jemgyýetçiliginiň alyp barýan tutumly işlerine mynasyp goşant goşýan berkarar döwletimiziň hemişelik Bitarap hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň çärýek asyrlyk şanly senesiniň uly dabaralara beslenen ýyly bolan 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamasynyň kabul edilendigi nazarda tutulyp, 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan edilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň egsilmez yhlasy bilen ata Watanymyzyň bedew bady bilen öňe barýandygyny, onuň dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulandygyny nazarda tutup, 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly ýyllarynda kemala gelen ýaş nesillere uly ynam bildirmegiň nyşany hökmünde 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýlip yglan edilmegi şol ýyllarda durmuşa geçirilmeli tutumly işlerde uly üstünlikleri gazanmagyň ruhlandyryjysy bolup hyzmat etdi diýsek hakykatdan daş düşmeris. Muny şol ýylyň ahyrynda ýurdumyzda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen ýaşlar forumy hem-de bu ýylda olaryň gazanan üstünliklerini giňden açyp görkezen köpugurly sergi ýene-de bir gezek açykdan aýdyň subut etdi. Şol ýylda hormatly Prezidentimiziň watansöýüji ýaşlarymyzyň amala aşyran işlerini, gazanan üstünliklerini giňden beýan edýän “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ajaýyp kitabyny peşgeş bermegi mundan bir ýyl öňki Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda halkymyza uly sowgat bolandygyny aýratyn belläsimiz gelýär. Şonda gadam goýan täze, 2024-nji ýylymyzy, ýagny beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä derejesinde uly dabaralara besleýän ýylymyzy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip yglan edilmeginiň çuňňur manysynyň bardygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu ajaýyp ýyly bolsa Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlaryny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly rowaçlyk bilen durmuşa geçirýän hem-de şol başlangyçlary mazmun taýdan baýlaşdyryp, halkymyzy bagtyýar durmuşyň belentliklerine tarap alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda uly üstünliklere besläp, täze 2025-nji ýyla gadam goýduk. Tutuşlygy bilen toý-baýrama beslenen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda amala aşyrylan tutumly işleri özünde giňişleýin beýan edýän “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly ajaýyp kitaby hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş bermegi biziň hemmämiziň Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyndaky baýramçylyk şatlygymyzy goşalandyrdy, her birimiziň ruhumyzy galkyndyryp, täze zahmet üstünliklerini gazanmaga tarap itergi berdi. Munuň üçin peder ýoluny uly rowaçlyk bilen dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris, janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Täze gadam goýan ýylymyz bolan 2025-nji ýyly bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz şol ajaýyp kitaby halkymyza peşgeş beren güni, ýagny 2024-nji ýylyň 27-nji dekabrynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň deslapky tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak bilen baglanyşykly geçirilen işleriň netijesinde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleriň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp goşgusynyň esasynda Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryna eýerip hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli, 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrmak barada Mejlisiň kararynyň taýýarlanylandygy aýdyp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna geljek ýylyň nyşanyny hem hödürledi. Şonda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanynyň kabul edilýändigini bellemek bilen, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini, şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň halkymyz bilen bilelikde geljek ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny teklip edýändiklerini aýtdy we bu teklibi goldap, 2025-nji ýylyň şygaryny “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek bilen, şeýle-de “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçiljekdigini, bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet toparynyň döredilendigini nygtamak bilen, bu topara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçylyk etmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi hem-de “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” bilen baglanyşykly çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigine hemmeleriň ünsüni çekdi.
Şeýlelikde, 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary baýdak edinip, ösüşiň täze belentliklerine tarap uly ruhubelentlik bilen gadam goýup başladyk. Gadamyňyz batly, ähli tutumly işleriňiz rowaç bolsun, mähriban adamlar!
Atajan Burynow,
Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş
ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor,
Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy”,
Türkmenistanyň halk mugallymy,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti,
31.12.2024ý.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024