Aşgabat
Täzelikler
99
Biziň Döwletliler köşgümizde çagalaryň ýüzlerçesi okap terbiýe alýarlar. Mähriban mugallymlarymyz we terbiýeçilerimiz biziň iň ýakyn maslahatçylarymyz. Täze ýylyň öň syrasynda biz bagtyýar çagalar üýşip mugallymlarymyza we terbiýeçilerimize alkyş sözlerini aýtdyk. Şonda biz aýdym aýtdyk, tans etdik, öz ýazan goşgularymyzy uly joşgun bilen okadyk.
- Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyz biz ýaşlara kämil bilim almak üçin döwrebap tehnologiýalar, ýagny interaktiw tagtalar sowgat hökmünde iberildi, bulardan başga-da täze ýyl baýramçylygy mynasybetli birnäçe süýjilik sowgatlary berildi. Biz muňa jogap edip okuwlarmyzda gowy okap Watana wepaly ýaşlar bolup ýetişjekdigimizi ynadyrýarys.
- Geçen ýylyň biziň durmuşymyzda hem köp üstünlikler boldy. Biziň zehinli oglan-gyzlarymyz döwlet derejesinde geçirilen ders bäsleşiklerine, sport ýaryşlaryna gatnaşdylar. Olaryň bu uly çärelerde eýe bolan baýrakly orunlaryna mynasyp bolmagynda köşgümiziň agzybir işgärleriniň yhlasy hem zahmeti ýatyr. Ýurdumyzyň gözel ýerlerine edilen gezelençler, syýahatlar biziň öz Watanymyza bolan söýgümizi has hem artdyrdy. Watan hakda oýlanyp otyrkam şeýle goşgy setirleri ýadyňa düşýär:
- Gözlerimiziň garasy,
Eziz diýar, eziz diýar!
Asman-zemin arasy,
Eziz diýar, eziz diýar!
Şuglasy günden ýasalan,
Mähri gülden ýasalan,
Sährasy heýjana salan,
Eziz diýar, eziz diýar!
Hojakäýew Eziz
Birleşen ArapEmirlikleriniň Prezidenti Şeýh
Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky
Döwletliler köşgüniň 12 “A” synp okuwçysy
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024