Aşgabat
Täzelikler
58
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Bilimler güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guramaklarynda 12-nji synp okuwçylaryň arasynda “Watanyň daýanjy-bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar!” atly ders olimpiadasy yglan edildi.
Zehinli mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmak maksady bilen guralýan bäsleşik Türkmenistanyň taryhy, matematika, türkmen dili, iňlis dili dersleri boýunça geçiriler.
Ýurdumyzyň ähli orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylary bu olimpiada gatnaşyp bilerler. Munuň üçin olar 20.03.2025 senä çenli degişli maglumatlaryny elektron salga: hgi.charetm@gmail.com ugratmaly bolarlar. Okuwçylaryň hasaba alnandyklary şeýle-de bäsleşige gatnaşmaly senesi we wagty baradaky maglumatlar olaryň elektron salgylaryna 28-nji marta çenli ugradylar.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024