Aşgabat
Täzelikler
142
Ýurdumyzyň azyk bolçulygyny berkitmekde oba hojalyk ekinleriniň hil barlagyna uly ähmiýet berilýär. Bu okuw kitabynda kärhanalaryň tejribehanalarynda ter miwe-gök önümleriň we däneli ekinleriň barlagynyň geçirilişi, önümleriň tehnohimiki barlaglarynyň himiki, fiziki, fiziki-himiki usullaryny geçirmegiň usulyýeti, azyk senagatynyň kärhanalarynda ulanylýan önümleriň hil barlaglaryny geçirmek üçin ulanylýan häzirkizaman abzallaryň we serişdeleriň görnüşleri, olaryň işleýiş aýratynlyklary, hil barlagyna degişli hasaplamalar, tejribe usulyýeti barada giňişleýin maglumatlar berilýär.
Önümçiligiň möçberini artdyrmak, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, Türkmenistanyň haryt öndürijiliginiň önümçilik mümkinçiligini doly peýdalanmak, täze netijeli tehnologiýany ornaşdyrmak esasynda dünýä ölçegine laýyk gelýän, bäsleşige ukyply önümleri öndürmeklik azyk senagatyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.
Oba hojalyk ekinleriniň möçberiniň artmagy, hiliniň ýokarlanmagy we görnüşiniň köpelmegi daşary ýurtlardan önümleriň getirilmegini kem-kemden azaltmaga we ýurduň azyk howpsuzlygyny gazanmaga mümkinçilik berer. Oba hojalyk ekinleriniň hil barlagy dersini öwrenmekligiň esasy maksady geljekki hünärmenlere tejribehanalarda oba hojalyk ekinleriniň hil barlagynyň geçirilişini, önümleriň tehnohimiki barlaglarynyň himiki, fiziki, fiziki-himiki usullaryny geçirmegiň usulyýetini, häzirki zaman abzallaryň we serişdeleriň görnüşlerini, olaryň işleýiş aýratynlyklaryny öwretmegi hem-de bu barada ylmy-barlag işleri geçirmegiň usullary bilen tanyşdyrmaklygy we tejribe endiklerine türgenleşdirmegi öňde goýýar.
Kitap ýokary okuw mekdebiniň talyplary üçin niýetlenip, ondan oba hojalyk ulgamynda işleýän hünärmenler hem peýdalanyp bilerler.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024