Aşgabat
Täzelikler
29
Alym Arkadagymyzyň çuň manyly, ylmy, filosofiki eserleri watandaşlarymyzyň her biri üçin durmuş we döredijilik şamçyragy bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň her bir eserinde halkymyzyň bagtyýarlygynyň pugtalandyrylmagy baradaky meseleler bilen birlikde, ahlak terbiýesi, jemgyýetiň sazlaşykly ösüşi, watansöýüjilik, beýik taryhymyz ýaly temalara aýratyn ähmiýet berilýär. Watanymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu kitaplar ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr.
Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde beýan edilýän pikir-garaýyşlar döwletli döwranymyza, şöhratly taryhymyza, medeniýetimize, sungatymyza söýgimizi has-da artdyryp, kitap okamagyň, geljegimize oňyn täsirini we ummasyz peýdasyny beýan edýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Hakyda göwheri” atly kitaby hem halkymyzyň taryhy maglumatlara daýanýan ruhy-medeni hazynasynyň merjeni bolmak bilen, nesilleriň ylham çeşmesi bolup hyzmat eder. Eser, taryhymyzyň şöhratly sahypalaryny, türkmen halkynyň medeniýetiniň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandyny beýan edýär. Kitapda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň adamzadyň ruhy gymmatlyklaryna ýetiren täsirleri hem giňişleýin açylyp görkezilýär. Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlaryň beýanydyr.
Kitap girişden we iki bapdan ybarat bolup, olarda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda gürrüň berilýär. Kitabyň alty bölümden ybarat “Ruhy miras” atly babynda bolsa milli mirasymyzy emele getirýän ruhy-medeni gymmatlyklaryň köpöwüşginliligine üns çekilýär. Eseriň ikinji babynda gadymy oguzlaryň watany, döreýşi, olaryň döreden dessurlarynyň umumadamzat jemgyýetinde ähmiýeti hakynda, türkmen milletiniň kemala gelşiniň taryhy döwürleri barada gürrüň edilýär. Şeýle hem oguznamaçylyk däpleri esasynda ýazylan «Oguznamalar», «Oguz han», «Alp Är töňňe», «Ergenokon», «Tumar şa» ýaly belli dessanlar barada ylmy we edebi-çeper garaýyşlar öňe sürülýär. Dürli golýazma çeşmeleri arkaly «Oguznamalaryň» gurluşynyň hem mazmun özboluşlylygynyň ylmy seljermesi, oguz dessurlarynyň häzirki täze taryhy döwrümizde mazmun taýdan baýlaşdyrylyşy hakynda täsirli beýan edilýär. Kitapda dürli mazmunly rowaýatlara, halk gürrüňlerine, atalar sözleridir nakyllara, beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerine hem uly ähmiýet berilýär.
H.ÇARYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
TMDDI-niň Jemgyýeti öwreniş
ylymlary kafedrasynyñ mugallymy,
Humaý NURYÝEWA,
institutyň talyby.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024