Aşgabat
Täzelikler
84
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip, atlandyrylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda her ýylyň özüne mynasyp at bilen atlandyrylmagy dogrusynda, täze 2025-nji ýylyň şygary bolsa, “Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly goşgusyna hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegine esaslanýar” diýip, belläp geçdiler. Soňra bolsa institutyň ruhubelent talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtýarlar.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024