Aşgabat
Täzelikler
64
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Gahryman Arkadagymyzyň täze döreden «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen bu täze kitaby Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň şöhratly taryhy hem-de edebi mirasy hakynda toplan maglumatlarynyň paýhas dürüdir. Şoňa görä-de Alym Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren ozalky döredijilik dürdäne eserleriniň hatarlarynda mynasyp orun eýeleýär.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň täze döreden «Hakyda göwheri» atly kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdiler we munuň üçin Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar. Kitap girişden we iki bapdan ybarat bolup, onuň “Taryha syýahat” atly birinji babynda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly bolan saklanyp galan taryhy we medeni ýadygärliklerimiz hakynda beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyz bular baradaky garaýyşlaryny we pikirlerini bu babyň “Taryh şu ýerden başlanýar”, “Änew medeniýeti”, “Bürünç zamananyň medeni ojaklary”, “Beýik Seljuklar döwleti”, “Horezmşalar döwleti” ýaly bäş bölümleriň üsti bilen beýan edilipdir. Kitabyň “Ruhy miras” diýip atlandyrylan ikinji babynda bolsa halkymyzyň ruhy medeni mirasynyň köp öwüşginli gymmatlyklary dogrusynda söz açylýar. Bu baradaky gyzykly söhbetler babyň “Zehin aýdyňlygy, paýhas käni”, “Oguznama – dünýä baýlygy”, “Täsin söhbediň beýany”, “Hazyna eýesine hazynadar diýerler”, “Döwletliniň döwlet gözbaşy”, “Gadymy heňňamyň aýdymy” diýen alty sany bölümler arkaly okyja ýetirilýär. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler halkymyzyň döreden milli gymmatlyklaryň baý taryhy babatda durmuşa geçirilen ylmy, filasofik, çeper mazmunly işleriň geljekki nesillerimiz üçin gymmatly hazanadygyny bellediler. Dabara gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024