Aşgabat
Täzelikler
50
Harbin şäherinde geçirilýän “Uly buz we gar dünýäsi” atly 26-njy festiwalynda Aşgabadyň Bagt köşgi binasynyň buzdan ýasalan nusgasy özüniň ajaýyplygynda görkezildi. Binanyň öň tarapyndaky nepis nagyşlardan başlap sekizburçlyga çenli her bir bölek juda takyklyk bilen döredildi.
Türkmenistanyň binagärlik mirasyna bolan söýgi we hormat bilen hytaý buz ussatlary bu asyl nusgadaky ajaýyplygy döretdiler. Seýilgähdäki ähli heýkeller Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň 42 ýurdunyň ajaýyp ýadygärlikleri bilen ruhlanan. Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Heýlunszýan welaýatynyň administratiw merkezi bolan Harbinde fewral aýynda IX gyşky Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi sebäpli gar şäherjiginiň bezeginde gyşky Aziadanyň esasy elementleri ýerleşdirildi.
Seýilgäh buz heýkelleriň sany boýunça taryhy rekordy goýdy. Onuň umumy meýdany 1 mln m2 barabar bolup, bu hem geçen ýyla görä has köpdür. Özüniň 26 ýyldan bäri gurnalmagynyň dowamynda iň iri festiwal boldy. Seýilgähiň gurluşygyna 300 müň m3 buz we gar sarp edildi. Buz heýkelleriniň sany hem-de sarp edilen materiallaryň möçberi boýunça “Uly buz we gar dünýäsi” festiwaly dünýäde iň iri gar şäheri hasaplanylýar.
Mysal üçin, baş minarada Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň nyşany ýerleşdirildi, minaranyň merkezi bölegi bolsa şöhle saçyp duran Günüň şeklinde ýasalan, sebäbi bu şekil yklymyň we sportuň çalt depginde ösdürilýändiginiň alamaty bolup durýar. Minaranyň bir tarapy Gündogar Aziýanyň nyşany bolan aždarhanyň şekli bilen, beýleki tarapy – Günbatar we Merkezi Aziýanyň nyşany bolan bürgüdiň şekli bilen gurşalan.
Şol bir wagtyň özünde olar aziýa ýurtlarynyň birleşmeginiň we özara ösüşiniň alamaty bolup durýar. Seýilgähiň buz manzaralary öz içine “Merkezi Aziýa” bölümini alyp, oňa Gyrgyzystandaky Ala-Too (Alatau), Täjigistandaky Hujand muzeýi we beýlekiler ýaly ýadygärlikler girizildi. Müňlerçe ýalpyldaýan çyrajyklar, çylşyrymly buz heýkelleri we seýilgähiň ajaýyp täsin gurşawy hemmeler üçin ýatdan çykmajak baýramçylygy döredýär diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024