Aşgabat
Täzelikler
66
Ýüpek önümleriniň öndürilişini ýokarlandyrmak we olary senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnikalar we abzallar bilen üpjün edilýär. Tohumçylyk işlerini göwnejaý ýola goýmak üçin täze kärhanalar işe girizilýär. Bu meseleleriň çözülmeginde daşary ýurt hünärmenleri bilen bilelikde işler alnyp barylýar. Ýüpekçilik pudagyny ösdürmegiň esasy şertleriniň biri bolan, ýüpek gurçugynyň iýmit serişdesi-tutçulygy ösdürmek barada hem uly işler alnyp barylýar.
Tut plantasiýalarynyň giňeldilmegi üçin biziň ýurdumyzda doly tebigy şertler bar. Ýurdumyzda ýüpekçilik pudagynyň ösmeginde ýokary bilimli, kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagy derwaýys çözülmeli meseleleriň biridir. Bu wajyp meseläniň çözülmeginde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Ýüpekçilik hünäri boýunça ýokary derejede bilim berilmeginiň we ylmy barlaglaryň geçirilmeginiň ähmiýeti örän uludyr.
Bu kitabyň ýazylmagynyň baş maksady ýüpekçilik ugrundan ýokary bilimli, önümçiligi ýokary derejede gurap, pudagyň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga goşandyny goşup biljek hünärmenleriň taýýarlanylmagyny has-da kämilleşdirip, Watanymyzyň oba hojalyk pudagynyň ýüpekçilik ugrunyň ösüşine öz goşandymyzy goşmakdyr.
«Piläniň ilkinji işlenilişi we ýüpek çig malynyň hil derňewi» okuw kitaby pileleriň gurluş aýratynlyklaryny, çig we gury pileleriň sortlanylyşyny, fiziki-himiki we hil düzümini, çig piläniň kabul edilişini, piläni ilkinji işlenende howpsuzlyk düzgünlerini hem-de gury pileleriň ýüpek kelepleýji fabrikalarda kabul edilişini beýan edýän maglumatlary öz içine alýar. Kitap oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, mugallymlary, aspirantlary we ýüpekçilik ugrunda işleýän hünärmenler üçin niýetlenilýär.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024