Aşgabat
Täzelikler
112
Türkmenistanda ýapon dilini öwrenýän raýatlaryň sany ep-esli artdy. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Sasaki Hiroşi ilçihananyň saýtynda ýerleşdirilen Türkmenistanyň raýatlaryna ýollan Täze ýyl ýüzlenmesinde mälim etdi.
Ol, hususan-da, Türkmenistanda ýapon dilini öwrenýänleriň sanynyň 2015-nji ýyldaky takmynan 50 adamdan häzirki wagtda 16 000-den gowrak adama çenli ýokarlanandygyny belledi.
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylda bu san takmynan 13 360 adam hökmünde bellige alnypdy.
Sasaki Hiroşi 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistandaky diplomatik wezipesini ýerine ýetirmäge girişipdi. Şol wagtdan bäri ýokary derejeli ýolbaşçylaryň işjeň saparlaryny we ykdysady hyzmatdaşlyk alyş-çalyşlaryny geçirdi. Şeýle-de Ýaponiýanyň söwda kompaniýalary we kärhanalary Türkmenistanda işewürlik işini işjeň alyp barýarlar.
Ilçi öz Täze ýyl ýüzlenmesinde şu ýyl Ýaponiýanyň Osaka şäherinde EKSPO-2025 sergisiniň geçiriljekdigini ýatlatdy. Sergide Türkmenistanyň Milli gününi açylyş dabarasynyň ertesi güni - 14-nji aprelde geçirmeklik meýilleşdirilýär.
Ilçi gutlagyny jemlemek bilen, 2025-nji ýylyň tutuş türkmen halkyna bagt getirjek ýyly bolmagyny arzuw etdi.
Çeşmesi: Turkmenportal
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024