Aşgabat
Täzelikler
215
Şu gün, 8-nji ýanwarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik toplumy tarapyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar uniwersitetiň eýwanynda guralan kitap, amaly-haşam sungatynyň sergisine aýlanyp gördüler. «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylar topary tarapyndan ýerine ýetirilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, berkarar Watanymyzy, milli gymmatlyklarymyzy, türkmen tebigatyny wasp edýän aýdymlar bolsa ýygnananlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Dabaranyň başynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary tarapyndan «Magtymguly — dünýäniň akyldary, Alkyşlaýarys ýaşlar bolup Arkadagly Serdarymyzy!» atly edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi. Soňra çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler gymmatly edebi mirasy, dünýewi garaýyşlary, özboluşly şahyrana pelsepeleri bilen dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyny baýlaşdyran beýik dana şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlanan bu dürdäne kitap hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininiň, döredijilik ylhamynyň ajaýyp miwesidigini, ynsan köňüllerine nur çaýýan şamçyragdygyny, bu eseriň Täze ýyl baýramynyň öňýanynda neşir edilmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň altyn harplar bilen ýazylan şanly wakalarynyň birine öwrülendigini belläp geçdiler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynyň «Magtymgula düşünmegiň açary», «Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary», «Pähim-paýhas ummany», «Parahatçylygyň şahyry», «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry», «Halk ýadyndan aýrylma» atly bölümlerinde öňe sürýän ylmy esasly pikirleri, pelsepewi taglymatlary, buýsançly sözleri bilen akyldar şahyrymyzyň ýakyn-alys, goňşy-garyndaş halklaryň guwanjyna öwrülen jöwher şygryýetiniň döwürleri baglanyşdyrýandygy, Magtymguly Pyragynyň külli adamzadyň belent hormat-sarpasyna mynasyp bolan beýik şahsyýetdigini ykrar edýär.
Çykyşlarda aradan üç asyryň geçendigine garamazdan, Magtymguly Pyragy türkmen durmuşynda we terbiýe mekdebinde öz mynasyp ornuny eýeläp gelýändigini, şahyryň döredijiligi türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň, ene diliniň, çuňňur mazmunly edebi mirasynyň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň, ýaş nesli ýokary ahlak ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemegiň milli mekdebiniň dürdäne esasydygyny, beýik şahyryň terbiýe mekdebi ynsanda iň gowy häsiýetleri — ruhy-ahlak taýdan päkligi, dogruçyllygy, il-güne, Watana wepalylygy, ylma-bilime ymtylyşy, bilesigelijiligi terbiýeleýändigini belläp geçdiler. Beýik akyldar şahyryň eserler ýygyndylary Amerika, Ýewropa, Ýuwaş ummany we Aziýa, Orta Gündogar ýurtlarynyň halklarynyň uly söýgüsini gazanandygyny, adamzat üçin gymmatly akyl-paýhas mirasyny döreden beýik şahyra bagyşlanyp monografiýalar, romanlar, powestler, hekaýalar, poemalar, goşgular ýazylandygyny, dokumental we çeper filmler, sahna we saz eserleri, heýkeller we suratlar döredilendigi çykyşlarda bellenilip geçildi. Çykyş edenler şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň (ÝUNESKO) Baş konferensiýasynyň 2023-nji ýylyň 21-nji noýabrynda geçirilen 42-nji mejlisinde 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleri tassyklamak boýunça Kararnamanyň kabul edilendigini hem-de şol şanly seneleriň sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň girizilendigini, Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilendigini nygtadylar.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Berkarar Watanymyzda parahatçylygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen syýasaty alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylan hoşallyk sözleri belentden ýaňlandy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylar topary tarapyndan ýerine ýetirilen «Magtymgulynyň kelamy — parahatlyk ýolumyz, Alkyş size Arkadagly Gahryman Serdarymyz» atly aýdym dabara özboluşly öwüşgin berdi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024