Aşgabat
Täzelikler
123
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” bolan Türkmenistanyň taryhynda ýene-de bir täze sahypa açyldy. Asyra zynat boljak Täze ýylyň ilkinji günleri göwün göteriji wakalar bilen badalga aldy. Bu pursatlar biz ösüp gelýän ýaş nesilleriň ykbalyna hem öz täsirini ýetirýär. Ýerli Geňeşlerimiziň we işjeň agzalarymyzyň birleşen tagallary esasynda ýaş raýatlaryň durmuşa degişli medeni köpçülikleýin işleri, jemgyýetçilik başlangyçlary boýunça dürli çäreler geçirilýän täsirlenmelerini artdyrýan waka ýurdumyzda, okuwda we döredijilik dünýäsinde tapawutlanan zehinli çagalaryň onlarçasyna "Gulbaba" adyndaky çagalar baýragy gowşuryldy. Şol bäsleşikde biziň deň-duşlarymyzyň arasynda Saparowa Mähriban hem-de Döwliýew Orazgeldi Gulbaba baýragynyň eýesi bolmak ugrunda ýeňiji boldular. Bu şatlykly habar diňe bizi däl-de eýsem köşgümiziň ähli agzybir işgärler toparyny hem begendirdi.
Häzirki günlerde mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsümi dowam edýär, Gahryman Arkadagymyzyň ösüp gelýän ýaş nesiller üçin döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp ýurdumyzyň gözel ýerlerine gezelençlere çykyp wagtymyzy şatlykly günlerde geçirýäris. Bu günler biz terbiýeçilerimiz bilen paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň döwlet sirkine, Türkmen döwletgurjak teatrynyň sahna oýunlaryna tomaşa etmäge gitdik. Ol ýerde biz gyzykly oýunlara, dürli haýwanlara, masgarabazlara şeýle-de türkmen halk ertekilerine tomaşa etdik. Gezelençler bize diýseň gowy ýarady hem täsirli boldy. Gyşky dynç alyş möwsüminde döwletliler köşgümizde Täze ýyl dabaralary, aýdym-sazly çykyşlar, tans çykyşlary, döredijilik duşuşyklary, sport bäsleşikleri hem geçirilýär. Biz özboluşly bäsleşiklere höwes bilen gatnaşýarys we şäherimiziň dynç alyş merkezleriniň ajaýyp ýerlerine baryp görýäris.
Erkana-parahat ýurdumyzda medeniýetli dynç alyp, wagtlaryny gyzykly geçirýän ýaş nesilleriň begenji egsilmeýär. Biz özümiziň bagtly ýäşlardygymyz üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlarymyz çäksizdir. Biziň gelejegmiz üçin her bir işlerinde alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny çaga ýüregimizden arzuw edýäris.
Baýramgeldiýew Hudaýberdi
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti
Şeyh Zaid bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky
Döwletliler köşgüniň 11-nji “A” synp okuwçysy
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024