Aşgabat
Täzelikler
279
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze neşir edilen “Hakyda göwheri” atly kitabynyň milli buýsanja ýugrulan watançylyk, bilim berijilik we terbiýeçilik ähmiýetini pedagogik ideýalary hem-de olary okatmagyň usulyýetinde giňden peýdalanmak boýunça 2025-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binýadynda okuw-usuly maslahaty geçirildi.
Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Milli Bilim institutynyň Bilim işgärleriniň hünäri kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory Sapargeldi Durdyýewi we baýry bilim işgäri, mirasgär, “Türkmenistanyň “Gaýrat” we “Magtymguly Pyragy” atly medallary bilen sylaglanan Nurnazar Jumanazarow, Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň ýolbaşçylary, hünärmenleri, etrap bilim bölümleriniň usuly işlere jogapkär hünärmenleri, etrap boýunça usuly birleşmeleriň ýolbaşçylary, taryh okuw dersi mugallymlary, institutyň professor, mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.
Maslahaty Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygy Meret Weliýew açdy. Türkmenistanyň döwlet Senasy ýerine ýetirildi.
Maslahatda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory Gurbangeldi Muhammedow giriş sözi bilen çykyş etdi.
Türkmenistanyň Milli Bilim institutynyň Bilim işgärleriniň hünäri kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory Sapargeldi Durdyýew çykyş edip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» kitabyndaky türkmen halkynyň taryhy, milli aýratynlyklary we ruhy gymmatlyklary hakynda giňişleýin gürrüň berdi. Kitapda türkmenleriň belent ahlagy, parasatly ýaşaýyş ýörelgeleri, birek-birege hormat goýmak, agzybirlik, hem-de parahatçylyga bolan ygrarlylyk ýaly aýratynlyklaryny wagyz edýän pikirler beýan edilýär. Hormatly Arkadagymyz eserde türkmen akyldarlarynyň – Magtymguly Pyragynyň, Zelili, Seýitnazar Seýdiniň we beýlekileriň belent pikirleriniň ýaşlar üçin nusga alarlykdygyny nygtaýar. Şeýle-de, türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri öz mirasyny nädip saklandygy we ony ýaş nesle geçirmegiň ähmiýeti örän täsirli beýan edilýär.Şeýle hem, bu ajaýyp kitapda türkmen halkynyň ene topraga bolan söýgüsi, ruhubelentligi we halkara dost-doganlyk gatnaşyklaryna bagyşlanýan taryhy wakalar ýaş nesle nusga hökmünde görkezilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatyny başlygy, Gahryman Arkadagymyz bu eser arkaly ýaşlaryň watana bolan buýsanç duýgusyny ösdürmegi maksat edinýär. Ýaşlarymyzyň öz ata-babalarynyň ýol-ýörelgesine eýermeklerini gazanmak, olaryň türkmen halkynyň medeniýetine bolan hormatyny ösdürmek, şeýle hem olary belent ahlak ýörelgelerine ugrukdyrmak «Hakyda göwheri» kitabynyň esasy maksatlarynyň biridir.
Maslahatda baýry bilim işgäri, mirasgär, “Türkmenistanyň “Gaýrat” we “Magtymguly Pyragy” atly medallary bilen sylaglanan Nurnazar Jumanazarow çykyş etdi. Ol Hormatly Arkadagymyzyň öz eserinde türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgelerini aýratyn nygtaýandygy, halkymyzyň birek-birege kömek etmek, myhmansöýerlik, agzybirlik, deňlik we adalatlylyk ýaly belent ýörelgeleri ýaş nesil üçin görelde hökmünde görkezilýändigi, bu ajaýyp kitap diňe bir geçmişiň beýany bolman, eýsem, ýaşlaryň döwrebap jemgyýetde beýik adamkärçilikli şahsyýetler hökmünde kemala gelmegini üpjün edýän ýol-ýörelgedigi barada täsirli gürrüň berdi. Halypa Nurnazar aga Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly eseri ýaş nesliň ruhy taýdan baýlaşmagyna, olaryň watana we halkyna bolan söýgüsiniň ýokarlanmagyna ýardam berýän täsirli çeşme bolup durýandygyny, kitapda türkmen halkynyň taryhyndan, ahlak ýörelgelerinden we ruhy gymmatlyklaryndan gelip çykýan ýörelgeler ýaşlara nusga hökmünde görkezilýändigini, bu ajaýyp eseriň diňe bir geçmişi we häzirki döwri baglanyşdyrýan köpri bolman, eýsem, ýaşlaryň öz geljegine ynam bilen seretmegine ýol açýandygyny buýsanç bilen belledi.
Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly pikirlerinden ugur alyp, bu kitap ýaş nesil üçin watansöýüjilik we ynsanperwerlik mekdebi bolmagynda dowam eder. Şeýle ajaýyp döredijiligiň ýaş nesilleriň aň-düşünjesine ornaşmagy türkmen halkynyň agzybirligini, belent ruhuny we şöhratly geljegini üpjün eder.
Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly ajaýyp kitaby barada gyzykly we täsirli sorag-jogap alyşmalar guraldy.
Maslahatyň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatyny başlygy, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maslahata gatnaşyjylar Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň taryhy muzeýindäki sergiler bilen tanyşdylar. Muzeýdäki sergiler boýunça institutyň Türkmenistanyň taryhy we okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Jepbar Hatamow täsirli gürrüň berdi.
Meret Weliýew
Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygy
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024