Aşgabat
Täzelikler
37
09.01.2025 ý. senesinde Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde bilim-ylym-önümçilik arabaglanyşygy boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşmak üçin gezelenç gurnaldy. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G. Mezilow uniwersitetde bilim-ylym-önümçilik arabaglanyşygy boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berdi. Soňra myhmanlar uniwersitetiň garamagynda hereket edýän Umumy we amaly biologiýa institutynyň barlaghanalarynda, “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkeziniň ylmy- önümçilik bölümlerinde alnyp barylýan ylmy-barlag işleri we olaryň önümçilige taýýarlanyşy bilen ýakyndan tanyşdylar. “Goşmaça we üznüksiz bilim” okuw bölüminde okuwlaryň gidişi, Kibersport merkezinde Kibertürgenleriň türgenleşik geçýän pursatlary, Intellektual klubda alnyp barylýan işler hormatly myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Uniwersitet tarapyndan her ýylda geçirilýän “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly integrirlenen olimpiadanyň, şeýle hem, Ylymlar gününe bagyşlanyp geçirilýän Innowasion taslama işleriniň sergi bäsleşiginiň ýaş nesilleri ylym-bilim-tehnologiýa-innowasiýalar babatda ökde hünärmenler edip ýetişdirmekde bitirýän hyzmatynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024