Aşgabat
Täzelikler
120
10-njy ýanwarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynda uniwersitetiň ylym bölüminiň hünärmeni, geologo-mineralogik ylymlarynyň kandidaty Anatoliý Grigorýewiç Buşmakin bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga ÝUNESKO kafedrasynyň agza professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Halypa alym Anatoliý Buşmakin indi 20 ýyldan gowrak wagt bäri ýokary okuw mekdebimizde özüniň baý ylmy terjibesini talyp ýaşlar bilen paýlaşyp, olara bilim bermekde, ylym barlag işlerini alyp barmakda aýratyn tapawutlanýar. Alym geçen asyryň 50-nji ýyllaryndan başlap, uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda geologiýa ylmynyň ösmegine uly goşant goşdy, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynda dürli wezipelerde zähmet çekip, Diýarymyzda geologiýa gözleglerini alyp barmakda aýratyn tapawutlandy.
Duşuşygyň dowamynda A.Buşmakin «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynyň alyp barýan işleri, ýaş mugallymlaryň we talyplaryň ylmy gözlegleri bilen ýakyndan tanyşdyryldy we bu kafedranyň agzalygyna kabul edildi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024