Aşgabat
Täzelikler
127
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde meşhur şahsyýetlerimiziň ýadygärliklerini ebedileşdirmek, şahsyýetini, edebi mirasyny wagyz etmek maksady bilen, «Taryhy akabalar we milli gözbaşlar: türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary türkmeniň milli medeni mirasyny öwrenmegiň baş ýörelgesidir» atly ylmy maslahat geçirildi.
Maslahatyň işine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň professor-mugallymlary, hünärmenleri, aspirantlary, alymlyk derejelerine dalaşgärleri we talyplary gatnaşdylar. Bu ýere ýygnanlar uniwersitetiň eýwanynda guralan dürli kitaplaryň, şeýle hem mugallymlardyr talyplaryň bilimde, ylymda we sportda gazanan üstünlikleriniň, taslamalaryň sergisine aýlanyp gördüler.
Maslahat öz işini umumy mejlisde alyp baryp, soňra «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň baş taglymatydyr», «Türkmen dilini ylmy esasda öwrenmekde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary gymmatly çeşmedir», «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary edebi mirasymyzy we ruhy gymmatyklarymyzy öwrenmegiň baş ýörelgesidir», «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynda medeni gymmatlyklarymyzyň we şöhratly taryhymyzyň beýany» atly bölümlerde dowam etdirdi.
Maslahatyň işine Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, hünärmenleri, talyplary, ylmy-barlag institutlarynyň alymlary, ylmy işgärleri, ministrliklerdir pudaklaýyn edaralarynyň hünärmenleri, şeýle-de, aspirantlar we alymlyk derejelerine dalaşgärler ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça nutuklaryň 180-e golaýy bilen gatnaşdylar.
Maslahatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynda beýanyny tapan şöhratly taryhymyz, meşhur şahsyýetlerimiz, söz ussatlarymyz, danyşmentlerimiz, milli mirasymyz baradaky ylmy garaýyşlar — döwletiň binýadyny berkitmekde we häzirki zaman türkmen jemgyýeti kämilleşdirmekdäki mynasyp orny barada belläp geçdiler.
Ylmy maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Bitarap Watanymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň täze sepgitlerine ýetmekde, ylmy-bilimi ösdürmek we ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmakda, şöhratly taryhymyzy, meşhur şahsyýetlerimizi öwrenmekde durmuşa geçirýän tutumly tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024