Aşgabat
Täzelikler
469
2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 9-11- i aralygynda Beýik Britaniýanyň “Britan Geňeşi” edarasy tarapyndan Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherindäki Özbegistanyň Döwlet dünýä dilleri uniwersitetinde “Merkezi Aziýada iňlis dilini öwrenmegi işjeňleşdirmek” atly Halkara okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniňwekilleri, şeýle hem iňlis dilini okatmak boýunça hünärmenler gatnaşdylar.
Halkara okuw maslahatynda iňlis dili mugallymlary taýýarlamak maksatnamasynyň çäginde mugallymlaryň hünärini üznüksiz kämilleşdirmek işine we refleksiw tejribäniň ähmiýetine aýratyn üns berildi.
Türkmenistandan bu Halkara okuw maslahatyna ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ylmy edarasy bolan, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň ylmy işgäri we Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň tejribeli mugallymlary gatnaşdylar.
Halkara okuw maslahatyň esasy maksatlary hökmünde:
Okuw maslahatyna Özbegistan Respublikasynyň iňlis dili mugallymlaryny taýýarlaýan ýokary okuw mekdebleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.
Maslahatda döwlet bilim edaralarynda iňlis dilini okatmagyny özgertmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mugallymlary taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini üznüksiz ýokarlandyrmagyň we refleksiw tejribäniň ähmiýetine aýratyn orun berildi
Maslahata gatnaşyjylar mugallymçylyk hünärini ele alýan talyplara nazary bilimleri bermekden, olarda amaly endikleri kemala getirmäge geçmekligiň ähmiýetini bellediler we okuw maksatnamalaryny halkara ülňülerine laýyklykda täzelemegiň zerurlygyny nygtadylar.
Şeýle-de, okuwyň başlangyç hem-de tamamlanýan tapgyrlarynda talyplaryň dil başarjaňlygyna baha bermegiň anyk ölçegleriniň işlenip düzülmeginiň zerurlygy bellenildi. Okuw maslahatyna gatnaşan diňleýjiler mugallymlar üçin öz-özüni yzygiderli kämilleşdirmegiň we ösdürmegiň ähmiýetini nyktadylar.
Daşkent şäherinde geçirilen okuw maslahaty Merkezi Aziýada iňlis dilini okatmagyň hilini ýokarlandyrmakda örän peýdaly boldy. Okuw maslahatynda alnan bilimler we özleşdirilen gurallar öňa gatnaşyjylaryň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga we öz kärdeşleri bilen öwrenilen tejribäni paýlaşmaga ýardam berer. Bu bolsa öz nobatynda sebitde iňlis dilini öwretmegiň hiline oňaýly täsir ýetirer diýip pikir edýäris.
ORAZMUHAMMET BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim
institutynyň uly ylmy işgäri.
Şeýle hem okaň: Turkmenportal
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024