Aşgabat
Täzelikler
39
2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” adyndan belli bolşy ýalyTürkmen halky ynsanperwerlige, asylly milli däp-dessuryna, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine belent sarpa goýýan halkdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp garşylanan täze ýylynyň her bir güni şanly wakalara, uly üstünliklere beslenip, 2024-2025-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýen at bilen geçirilýän ilkinji okuw sapagynyň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek üçin her bir bilim işgäri döredijilikli çemeleşmelidiris.
2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzy üstünlikli tamamlap, 2025-nji ýylyna gadam basdyk. Ýurdumyzyň durmuşynda şanly sepgitleri bilen tapawutlanan geçen ýylymyz, aýratyn-da, ýaş nesiller üçin ýakymly pursatlara baý bolup, täze taryhy eýýamymyzy bezeýän möhüm sahypalarynyň birini emele getirdi.
Gahryman Arkadagymyzyň peder pendini eýerýän, Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyzy ruhy taýdan galkyndyryp, döwrümiziň ýaş nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyryp, nesilleri bagtyýar durmuşda ýaşatmak syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň geljegi bolan şu günki bagtyýar çagalar üçin hem irginsiz uly aladalar edýär.
Çagalaryň dünýä derejesinde ylymly, bilimli adamlar bolup ýetişmekleri, şeýle-de tutuş ýurt möçberinde bilim özgertmelerini mundan beýläk-de has kämilleşmegine alyp barýar.
Hormatly Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk aladalary netijesinde edil ertekilerde wasp edilýän köşkler ýaly, mekdebe çenli çagalar edaralary gurulýar we döwrebap mekdebe çenli pedagogikanyň talaplaryna görä bezelýär we enjamlaşdyrylýar. Şonuň üçin biz täze gadamlar bilen ösýän, öňe barýan Watanymyzda ösüp gelýän çagalarymyz üçin hiç zady gaýgyrman, gije-gündiz päk zähmet çekmelidiris.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallary netijesinde körpe nesiliň edepli-terbiýeli, bilimli, giň dünýägaraýyşly edip terbiýeläp ýetişdirmekde giň gerimli işler bilim ulgamynda yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar.
“Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan”, “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyndan” şeýle hem “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri durmuşa ornaşdyrmakda çagalar bakja-baglarynda alnyp barylýan işler, şeýle-de häzirki döwürde çagalary terbiýelemek, olarda Watana, halka buýsanç, ýaş nesile ak ýürekli, adalatly bolmagy, ula hormat, kiçä söýgi bilen garamagy, deň-duşlaryny sylamagy, milli taryhymyza, däp-dessurlarymyza, medeniýetimize söýgi bilen garamagy öwretmek, Watana, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepalylyk duýgulary kemala getirmek terbiýeçilerdir, mugallymlaryň öňlerinde durýan esasy wezipeleriň biridir.
Bize şular ýaly ajaýyp döwürde zähmet çekmäge, döretmäge, çaga terbiýesi bilen meşgullanmaga, ýaş nesillere görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň peder pendini eýerýän, bu ugurda alyp barýan ýadawsyz tagallalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Sonajemal Begmyradowa
132-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024