Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

Türkmenistanyň wekili “Sebitleýin söwda we özara arabaglanyşyk: täze gözýetimleri we mümkinçilikleri açmak” atly halkara maslahata gatnaşdy

13.01.2025

177

Türkmenistanyň wekili “Sebitleýin söwda we özara arabaglanyşyk: täze gözýetimleri we mümkinçilikleri açmak” atly halkara maslahata gatnaşdy

9-njy ýanwarda Türkmenistanyň Päkistandaky ilçihanasy Strategiki Ylmy-gözleg we Derňew Instituty (ISSRA) tarapyndan Milli Logistika Korporasiýasy (NLC) bilen bilelikde gurnalan “Sebitleýin söwda we özara arabaglanyşyk: täze gözýetimleri we mümkinçilikleri açmak” atly halkara maslahata gatnaşdy. Bu çärede Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ilçileri, şeýle hem Päkistanly we daşary ýurtly ykdysady öwreniş hünärmenleri çykyş etdiler. Maslahatda çykyş edenler Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ägirt uly geljegi barada söhbet etdiler we bu potensialy ulanmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow maslahatda çykyş edip, ýurduň daşary syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ulag we energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň işjeň orny barada gürrüň berdi. Ol BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan goldawa eýe bolan hem-de energiýa we ulag howpsuzlygyny berkitmäge gönükdirilen Türkmenistanyň hökümetiniň döredijilikli başlangyçlary, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilendigi barada aýtdy.

Türkmenistan syýasatynyň aýdyň mysaly hökmünde maslahata gatnaşyjylara 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda amala aşyrylan Türkmenistan bilen Owganystanyň serhedinde möhüm energiýa we transport taslamalarynyň gurluşygyna başlamak dabarasy barada şekilli görnüşler görkezildi. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitde parahatçylygyň we ynamyň has-da pugtalandyrylmagyna goşant goşjakdygy bellenildi. Şeýle hem, türkmen ilçisi Türkmenistanyň Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlarynda ulag we üstaşyr gatnawlary giňeltmek syýasaty barada gürrüň berdi.

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly