Aşgabat
Täzelikler
41
Gazagystanyň Respublikasynyň Magaryf ministrliginiň «Daryn» ylmy-tejribe merkezi tarapyndan 2025-nji ýylyň 13-17-nji ýanwary aralygynda matematika, fizika we informatika dersleri boýunça 21-nji Halkara Žautykow olimpiadasy geçirilýär. Bu olimpiada biziň ýurdumyz bilen bir hatarda Azerbeýjan Respublikasynyň, Bolgariýa Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Gruziýa Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Mangoliýa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň mekdep okuwçylary gatnaşýar. Ýurdumyzyň milli ýygyndysynda 21 sany mekdep okuwçysy bu bäsleşikde öz zehin başarnygyny görkezmek üçin synanyşýarlar. Ýaş zehinli okuwçylarymyza “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ilkinji üstünlikleri gazanyp Watanymyza gelmegine garaşýarys.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024