Aşgabat
Täzelikler
6
Britaniýa 2030-njy ýyla çenli Emeli añ (EA) boýunça iñ güýçli döwlet bolmagy maksat edinýär.
Premýer-ministr Kir Starmer täze maglumat merkezleriñ döredilmegini, mikroçipleriñ öndürilmegini we iñ güýçli kompýuterleriñ işläp taýýarlanylmagyny öz içine alýan örän uly meýilnama bilen tanyşdyrdy. Emeli añyñ ornaşdyrylmagy ýurduñ ykdysadyýetine ýylda 57 mlrd dollara golaý girdeji getirip, 13 müñden gowrak iş ýeri bilen üpjün etjekdigine garaşylýar.
Strategiýanyñ çäklerinde täze tehnologiýalaryñ işlenilmegi üçin zerur bolan energetika infrastrukturasyny gurmak hem-de ony ösdürmek üçin ygtyýarmamalaryñ alynyş işini añsatlaşdyrmak hem göz öñünde tutulandyr.
Üç sany tehnologiki kompaniýalar eýýäm emeli añ üçin infrastrukturany döretmäge 17 mlrd dollar maýa goýum etmäge taýýardygy barada habar berdiler. Starmer Emeli añyñ ykdysadyýetiñ öndürijiligini ýokarlandyrmak ukyby barada aýratyn belledi. Bu hem Halkara walýuta gaznasynyñ çaklamalary bilen tassyklanylýar. Strategiýa dolandyryş böwetlerini peseletmek hem-de möhüm infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreleri hem öz içine alýar. Beýik Britaniýa Emeli añ bilen baglanyşykly startaplaryñ sany boýunça dünýäde eýýäm üçünji ýer eýeläp, öñdebaryjylygy diñe ABŞ bilen Hytaýa berýändigini bellemeli. Bu strategiýanyñ durmuşa geçirilmegi ýurduñ Emeli añ boýunça dünýä lideri hökmündäki ornuny berkidip, işewürlik we raýatlar üçin täze mümkinçilikleri açar.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024